Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa we Hytaý türkmen gazyny 'özleşdirýär'


TOPH-yň logosay
TOPH-yň logosay

Türkmenistan iýun aýynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek üçin 45 million amerikan dollar möçberinde serişde böldi. Pakistanyň «The Express Tribune” neşiriniň ýazmagyna görä, türkmen hökümeti "Tapi" kompaniýasy diýilýäniň 85 prosent paýdary bolup durýar.

Şeýle-de neşir Ýaponiýanyň we Hytaýyň Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmekde we türkmen tebigy gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana getirjek geçirijini - TOPH-y gurmakda esasy oýunçylara öwrülýändigini habar berýär.

Şu aralykda Azerbaýjanyň «Trend» habar gullugy hem Yslam ösüş bankynyň TOPH geçirijisini maliýeleşdirmekçidigi barada habar ýaýratdy.
Mundan öň prezident G.Berdimuhamedowyň Katary hem bu proýekte goşulmaga çagyrandygy barada habarlar çykypdy.

Hytaý kompaniýasy Türkmenistanda geçiriji gurýar

Biraz öň ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek barada şertnama baglaşdy, indi bolsa hytaý kompaniýasy Türkmenistanyň territoriýasynda 300 kilometrlik geçiriji gurmak barada kontrakt baglaşdy diýip, pakistan neşiri ady aýdylmaýan hökümet resmisine salgylanyp ýazýar.

Aýdylmagyna görä, bu kontrakt ugrunda birnäçe kompaniýa, şol sanda rus we ýewropa firmalary bäsleşik gurupdyr, emma Türkmenistanyň yglan eden tenderinde Hytaýyň utujy bolandygy aýdylýar.

“TOPH gaz geçiriji proýekti esasynda döredilen "Tapi" kompaniýasy Owganystanda we Pakistanda hem geçiriji kontraktlaryny baglaşar» diýip, neşir bilen söhbetdeş bolan resmi aýdypdyr.

Proýektiň bir bölegi bolan dört ýurt, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tarapyndan gurlan "Tapi" kompaniýasy geçirijini gurar we işleder, Pakistan, Owganystan we Hindistan bolsa geçiriş tölegini tölär diýip. habarda aýdylýar.

Hökümet resmisiniň sözlerine görä, "Tapi" kompaniýasy maliýe serişdelerini jemlemegiň üstünde işleýär we pakistan hökümetine transmilli geçirijiniň gurluşygyna zerur bolan maliýe serişdelerini toplamak üçin bütin dünýä boýunça çäre geçirjekdigini aýtdy.

Makalada aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň hökümeti "Tapi" kompaniýasynyň 85% paýdary bolup durýar, şu sebäpden maliýeleşdirmegiň esasy agramynyň Aşgabadyň gerdenine düşjekdigi öňe sürülýär.

Ady aýdylmaýan resminiň sözlerine görä, Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirýän ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumyna 15 milliard dollar maýa zerur. “Ýaponlar şol möçberdäki maýany hem ýatyrýar» diýip, hökümet resmisi aýdypdyr.

Şeýle-de neşir gürrüňi edilýän dört ýurduň TOPH geçirijisiniň gurluşygyna başlamak üçin 10 milliard dollarlyk başlangyç inwestisiýa şertnamasyna gol çekendigini aýdýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen, owgan, pakistan we hindistan liderleri geçen ýylyň dekabrynda Günorta Aziýadaky energiýa gytçylygyny ýeňletjek geçirijiniň gurluşygyna badalga beripdiler.

Türkmenistandan Owganystana we onuň goňşy ýurtlaryna gaz geçirijisini gurmak barada indi iki onýyllyga golaý wagt bäri gürrüň edilýär.

Synçylaryň käbiri bu proektiň sebitdäki howpsuzlyk meseleleleri sebäpli tasdan mümkin däldigini öňe sürýär. Şonuň bilen bir wagtda TOPH proýekti, energiýa zerurlyklary sebäpli, regionyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, olaryň bir-birine bolan ynamdarlygyny ösdürmek bilen, sebite parahatçylyk we durnuklylyk getirer öýdülýär.

Bu geçiriji Günorta we Merkezi Aziýany bir-birine baglar.

Pakistan neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistan her günde energiýa aç Owganystana, Pakistana we Hindistana 3.2 milliard kub fut gaz ibermek üçin 25 milliard dollar çemesi maýa ýatyrar.

“Eurasianet” neşiriniň biraz öň Türkmenistandan Hindistan çekiljek geçiriji barada çap eden synynda käbir regional ekspertler TOPH proýektiniň eýýäm wagtynyň geçen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG