Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde, Oraza aýynyň soňlanmagyna gabat, Gadyr gijesi mynasybetli, alty ýüzden gowrak tussagyň, şol sanda 26 sany daşary ýurtly bendiniň günäsi geçildi.
Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 586 sany türkmen raýatynyň we 26 sany daşary ýurtly tussagyň galan jeza möhletlerini çekmekden boşadylmagy baradaky karara gol çekdi.
Prezident mejlise gatnaşýanlara ýüzlenip, «toba gelen tussaglaryň» günälerini geçmek ýaly «sahawatly işiň» ata-babalardan gelýän rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip, yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi.
Şeýle-de ol günäsi geçilen tussaglaryň mukaddes Gadyr gijesinde öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleriň edilmegini tabşyrdy.
«Biz şeýlelik bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlary öz günälerini halal zähmet bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin hem hemme üçin hem hemme mümkinçilikleri döredýäris» diýip, prezident aýtdy.
Syýasy tussaglar
Günäsi geçilen tussaglaryň arasynda halkara hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag, wyždan ýesiri hasaplanylýan adamlaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl, olaryň atlary metbugatda çap edilmeýär.
Mälim bolşy ýaly, halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasy türkmen türmesinde ýitendigi aýdylýan onlarça adamyň ykbalyny anyklamak boýunça kampaniýa alyp barýar, 30-njy iýunda bolsa 13 sany tanymal halkara guramasy prezident Berdimuhamedowa žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň derhal türmeden boşadylmagy baradaky talap bilen ýüz tutdy.
"Işe ýerleşdiriň"
Mundan öňki günä geçişlerde hem bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow welaýat, etrap häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda jenaýat edendigi üçin iş kesilýän adamlaryň sanynyň görnetin köpelendigi, Türkmenistanyň ilat sanyna görä sebitde iň kän tussagly ýurtdugyny aýdýarlar.
Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda her ýyl näçe adamyň türmä basylýandygy, türmelerde jemi näçe adamyň saklanylýandygy, tussaglaryň ölüm-ýitim ýagdaýlary, günäsi geçilen tussaglaryň näçe prosentiniň ýene jenaýata baş goşýandygy... hakynda anyk maglumatlar çap edilmeýär.
Hukuk goraýjylaryň we ozalky tussaglaryň berýän maglumatlaryna görä, türkmen türmelerinde şertler agyr we tussaglara ýeterlik ýer-jaý bolmazlygy ýurtda yzygiderli günä geçişleriň geçirilmegine sebäp bolýar.
Mundan öňki günä geçiş Remezan baýramyçylygy mynasybetli yglan edilip, 1000-den gowrak tussag azatlyga goýberilipdi.
Şonuň bilen wagtda, prezidentiň öňki tussaglary iş bilen üpjün etmek barada berýän yzygiderli tabşyryklaryna garamazdan, giň ýarandygy aýdylýan işsizlik, ykdysady kynçylyklar we ştat kemeltmeler zerarly, azatlyga çykan raýatlaryň işe ýerleşmek mümkinçilikleriniň örän çäklidigi aýdylýar.
Prezident Berdimuhamedow Gadyr gijesi mynasybetli raýatlaryň 6-njy iýulda dynç almagy, ýagny bu günüň iş güni bolmazlygy baradaky karara hem gol çekdi.