Ilki türk pezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň garşydaşlarynyň çykaran ýene bir gürrüňidir diýip ynanmadym. Gaýta-gaýta barlap gördüm, dogry eken. Türk parlamentiniň spikeri, hawa, spiker Ysmaýyl Kahraman hut özi, agzaçar üçin geçirilen bir ýygnanyşykda: "Bütindünýä biziň ýolbaşçylygymyza garaşýar. Näme üçin mundan biziň özümiz bihabar" diýipdir.
Türk-Ysraýyl gatnaşyklary kadalaşýar
Türkiýe bilen Ysraýyl gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak boýunça ylalaşdylar. Bu barada birnäçe wagtlap gepleşikler alnyp baryldy. Ahyrsoňy, ýekşenbe güni Türkiýe bilen Ysraýylyň "kadalaşdyrma ylalaşygyna" gelendikleri habar berildi. Iýul aýynda Erdogan bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ylalaşyga resmi taýdan gol çekip, gatnaşyklar ilçilik derejesine ýetiriler. Ondan soň hem harby türgenleşiklere, söwda gatnaşyklaryna täzeden başlanyp, bilelikde energiýa we goranyş proýektleri ýola goýlar.
Dartgynlylyk 2009-njy ýylda Şweýsariýada ýyllyk Dawos konferernsiýasynda şol wagtky premýer-ministr Erdogan bilen Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres arasynda Gaza barada geçen çekişmede başlandy. Türk lideri şonda Peresi we Ysraýyly "palestinaly ýaşlary köre-kör öldürýänlikde" aýyplady. 2010-njy ýylda hem gabawdaky Gazada ýaşaýan palestinalylara aýdylyşyna görä, azyk harytlaryny we derman alyp barýan türk kömek konwoýyna Ysraýyl hüjüm edip birnäçe adam ölensoň dargylylyk özüniň iň ýokary derejesine ýetdi.
Şondan soňra Erdogan bilen Türkiýäniň beýleki resmileri özleriniň palestinalylaryň dostudygyny aýdyp köp öwündiler. Gatnaşyklar doňdurylan hem bolsa, Türkiýäniň oppozision şahsyýetleri - merkezi Stambulda ýeleşýän ýehudy-türk gazeti "Salom" hem - Erdoganyň ogly Ahmet Burak Erdoganyň Ysraýyl bilen bolan söwda gatnaşyklarynyň kesilmändigini habar berdiler.
Soňky birnäçe aýlykda welin käbir gymyldylar boldy. Türkiýäniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak baradaky ilkinji şerti bölekleýin ýerine ýetirildi. "Hürriýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Netanýahu "ötünç" sorapdyr, muny hem Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Erdogana ýetiripdir. Ysraýyllylar soňra adam ýitgileri üçin özleriniň ötünç sorandyklaryny, ýöne operasiýanyň "goranyş" üçin edilendigini nygtadylar.
Ysraýyl tarapy öldürilen adamlaryň maşgalalaryna kompensasiýa bermek bilen hem ylalaşdy, ýöne ol Gaza garşy girizilen embargony ýatyrmak boýunça Türkiýe tarapyndan edilen üçünji talaby ret etdi. Herniçik-de bolsa, olar Türkiýäniň Gaza halkyna edilýän ynsanperwer kömeklerine ýol bermegi kabul etdiler.
Ylalaşykdan az wagt öň Gazany dolandyran Hamas ýolbaşçylary Türkiýe Gaza gabawynyň ýatyrylmagy baradaky talabyndan dändi diýip nägilelik bildirdiler. Aýdylyşyna görä, olara Erdoganyň gaty köp talaş edendigi, ýöne ysraýyllylaryň embargony ýatyrmagy birsyhly ret edendikleri, şol sebäpden Erdoganyň Türkiýäniň milli bähbidini göz öňünde tutmaly bolandygy aýdylypdyr.
Ýaňy geçen hepde Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly güýçliräk beýanat berip: "Biz öz palestinaly doganlarymyzy we Hamasy hiç haçan taşlamarys. Gaza gabawynyň ýatyrylmagy baradaky şertimizde eglişik bolmaz" diýdi.
Hawa, Gazanyň gabawyny ýatyrdyp bolanok. Ýöne türk-ysraýyl ylalaşygy welin bar. Indi ünsi şoňa gönükdirmeli. Gutly bolsun! Berilýän şygarlara garamazdan akyl-paýhas ahyr üstün çykdy.
PKK-nyň harby ýolbaşçysy: "Biz täze häkimleri nyşana alarys"
"Kürdüstanyň Işçiler" partiýasynyň we onuň yzyna eýerýänleriň özlerine terrorist ýa separatist diýilmegini halamaýandyklaryny bilýärin. Olar özleri barada "azatlyk söweşijileri" diýip pikir etmegi dowam etdirýärler. "Göreş" ýa başga zat, ol hüjümler diňe türk howpsuzlyk güýçlerine däl, eýsem köçelerde göni parahat ilata garşy gönükdirilýär.
Ýalňyş ýa dogrudygy belli däl, ýöne hökümetiň ynanjyna görä, esasan, PKK-nyň "syýasy goly" diýip hasaplanylýan kürtçi "Halkaryň demokratik" partiýasy (HDP) tarapyndan ýurduň günorta-gündogarynda dolandyrylýan geňeşler we şäher häkimlikleri merkezi hökümetden gelýän pullary PKK geçirýärler.
Parlament we şäher geňeşleri üçin erkin saýlawlaryň bardygy gaty gowy zat. Olaryň netijeleriniň sorag astyna alynýan mahaly hem juda seýrek bolýar. Ýöne bu geňeşleri bir terroristik gurama bilen baglanyşykly syýasy partiýa dolandyrsa, näme etmeli? Hökümet, syýasy sistema bir gyra çekilip, hiç bir iş etmän daşyndan garap durmalymy?
Bu demokratiýa bilen howpsuzlyk arasyndaky bellisizligiň tüýs ýa klassyky mysaly dälmi?
PKK-nyň baş serkerdesi şeýle diýýär: "Eger siz bize ygrarly şäher geňeşlerinde öz ynanýan adamlaryňyzy goýsaňyz, biz siziň şol ynamdar adamlaryňyzy we şäher geňeşini nyşana alarys".
Muňa garamazdan, olar iki zady inkär edýärler. Bularyň biri HDP-niň PKK-nyň syýasy örtügidigi. Beýlekisi hem PKK-nyň Türkiýe we Birleşen Ştatlar, şeýle hem Ýewropanyň aglaba ýurtlary tarapyndan ykrar edilen terroristik guramadygy.