Soňky ýyllarda Aşgabatda uly bazarlaryň birnäçesi ýapyldy ýa-da olarda rekonstruksiýa işleri geçirilýär. Häzirki wagtda paýtagtyň Sumbar bazary eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri, “Mir bazary” bir ýyla golaý wagt bäri abatlaýyş işleri sebäpli ýapyklygyna galýar.
Munuň netijesinde, şu günler Parahat-2 etrapçasynyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň aralaryndaky köçelerde gök-bakça önümlerini satýan ownuk söwdagärleriň sanynyň artýandygy habar berilýär.
Käbir ownuk söwdagärler munuň sebäbini söwda etmek üçin bazarlarda arende ýeriniň tapdyrtmaýandygy bilen düşündirýärler.
Azatlyk Radiosy aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewden bu barada jikme-jik maglumat bermegi sorady.