Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

H&M türkmen pagtasyndan ýüz öwürdi


H&M kompaniýasy
H&M kompaniýasy

Şwesiýanyň egin-eşik lomaý söwda halkara H&M kompaniýasy Türkmenistandan pagta satyn almagyny duruzdy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, muňa Türkmenistanda pagta ýetişdirilende çaga zähmetiniň ulanylmagy sebäp bolupdyr.

Ýeri gelende aýtsak, erkekler, aýallar, ýetginjekler we çagalar üçin döwrebap egin-eşikleri öndürýän tanymal H&M kompaniýasy 2013-nji ýylda Özbegistanyň pagtasyna hem gadagançylyk girizipdi.

“H&M öz önümçiliginde ähli ýagdaýlarda, şol sanda pagta ýetişdirilişinde çaga we/ýa-da mejbury zähmetiň ulanylmagyny kabul ederliksiz hasaplaýar. Gynansak-da, kä halatlarda şular ýaly ýagdaýlar Özbegistanda we Türkmenistanda ýüze çykýar. Şol sebäpli H&M öz önümleri üçin Özbegistanyň we Türkmenistanyň pagtasyndan ýüz öwürdi” diýlip, kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky çagalar.
Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky çagalar.

H&M özüniň ähli üpjünçi kärhanalary bilen Türkmenistanyň pagtasyny satyn almajakdyklary barada degişli şertnamany baglaşdy. H&M bu talaba boýun bolmadyk üpjünçiler bilen işleşmejekdigini hem duýdurdy.

Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň sentýabrynda “Pagta kampaniýasy” diýen şygar astynda işleýän toparlar gowaça meýdanlarynda mejbury zähmetiň soňuna çykylanmagy üçin ilkinji gezek Türkmenistana basyş görkezipdiler.

“Pagta kampaniýasy” özüniň ýaýradan beýanatynda eýýäm ýokarda agzalan H&M kompaniýasyna we ”Inditex” kärhanasyna türkmen hökümetiniň aglaba ýagdaýda mejbury zähmet ulanmak arkaly öndürýän pagtasyndan öndürilen önümleri satyn alandyklaryny aýdypdyrlar.

“Global geýim-eşik kompaniýalary, Türkmenistanda mejbury zähmet netijesinde öndürilen pagtadan gaça durmak üçin, bir ýere jemlenip, türkmen hökümetini pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmeti soňlamaga çagyrmaly” diýip, aktiwistler belläpdiler.

“Pagta kampaniýaçylary” türkmen hökümeti gowaça meýdanlarynda, pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylýandygy baradaky aladalara hiç wagt jogap bermedi diýýärler.

2014-nji ýylda türkmen hökümeti öz onlarça müň raýatyny mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna işlemäge sürdi we 2015-nji ýylda hem özüniň pagta önümçiligi sistemasynda haýsydyr bir özgerişligiň boljakdygyny görkezýän yşarat bermedi diýip, aktiwistler aýdýarlar.

Şeýle-de olar türkmen hökümeti garaşsyz hukuk guramalaryna, aktiwistlere we žurnalistlere, ar alynmagyndan gorkman, pagtaçylyk pudagyndaky şertleri derňemäge hem-de habar taýýarlamaga rugsat bermeli diýip teklip edýärler.

XS
SM
MD
LG