Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bäbekhanadan mazara çenli – para”


Türkmen zenany.
Türkmen zenany.

“Türkmenistanda para ikinji dil ýaly durmuşymyza girizildi” – bu Mergen atly okyjymyzyň ýakynda “Türkmenistanda para nirede duş gelýärsiňiz?” soragy bilen açan forumymyzda galdyran teswiri.

Orta atylan bu sorag Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň arasynda uly seslenme döretdi. Oňa gelen jogaplaryň arasynda Türkmenistanyň durmuşynyň dürli pudaklaryndaky korrupsiýanyň derejesi barada pikirler orta atylýar.

"Doglandan ölýänçäň"

“Paraguly Paraberdiýew” lakamly okyjymyz özüniň göwrümli teswirinde Türkmenistanda her bir adamynyň doglan gününden ölümine çenli paradan ejir çekýändigini belläp, 20 dagy maddany özünde jemleýän sanawy getirýär.

“Paragulynyň” sanawyna görä:

- Bäbegiň sag-aman dogulmagy we gelne dogry seredilmegi üçin doktora para bermeli.

- Detsadda beýleki çagalara seredilişi ýaly seredilmegi üçin terbiýeçilere we müdire para bermeli.

- Mugallymyň çaganyň bilimini ünsden düşürmezligi üçin para bermeli.

- ÝOJ-a girmek üçin para bermeli.

- Harby kontroldan mesele çykmazdan geçmek üçin para bermeli.

- Keselleseň, doktoryň dogry dermanlary ýazmagy üçin para bermeli. Dogry bejergi almak üçin hem para bermeli.

- Işden kowulmazlyk üçin para bermeli.

- Işde ösjek bolsaň para bermeli.

- Ulagyňy hasaba goýmak üçin para bermeli.

- Bir ýakynyň ölen bolsa, onuň [ölümini] hasaba aldyryp, mazarystanda ýer tapmak üçin para bermeli.

- Öliniň hatyrasyna doga-dileg etdirjek bolsaň, para bermeli.

- Mazarystanda gubura ideg edilmegi üçin para bermeli.

"Gizlin zat ýok"

“Paraguly Paraberdiýewiň” pikirleri beýleki okyjylarymyzyň arasynda-da seslenmeleri döretdi. Özüni “Parahor” diýip atlandyran okyjymyz “Paragula” ýüzlenip, “Aý, dostjan, 100% dogry! Durmuşymyzyň mazmunyny ýazypsyň, tüweleme!” diýse, “Dogry söz” lakamly okyjymyz “Ajaýyp ýazylypdyr. Düýbünden dogry... Şu teswiri ýazýan mahalym para alynmaýan ýer, dogrudanam, ýadyma düşmedi. Belki-de, para berilmeýän hiç ýer ýokdur Türkmenistanda” diýen netije bilen pikirini jemläpdir.

“Aron” adyny alan beýleki okyjymyz bolsa ýurduň gümrükhanalaryndaky parahorlugyň ýagdaýyndan söz açýar: “Para tamožnide, tamožnidäki sanitar gullugynda, tamožnidäki serhet gullugynda we ‘Türkmenstandartlaryň’ sertifikasiýa bölüminde. Özem gizlin zat ýok, göni soraýarlar”.

“Aron” öz teswirinde gümrükhanada soralýan paranyň möçberi barada hem käbir sanlary getiripdir.

"Parany mejbury berýäris"

“Kassir Manadowiç” lakamly okyjymyz bolsa “Türkmenhowaýollarynyň” kassalaryndaky ýagdaýlara ünsi çekýär: “Gerekli gatnawa bilet aljak bolsaň, elmydama, ýerli gatnawlarda 40 manat, halkara gatnawlarda bolsa 50 dollardan üstüne bermeli bolýarys. Biz student bolamsoňyz, mejbury ýagdaýda parany berýäris, bolmasa sessiýa we okuwa gijä galýarys”.

Okyjylarymyzyň ýene bir bölegi işe girmekde parahorlugyň has ýiti duýulýandygyny aýdýarlar. “Azatlyk hakykat ýazýa” lakamly okyjymyz “Bir ýere işe girjek bolsaň palança müň dollar...” diýip, pikirini köpnokat bilen jemleýär.

Foruma gatnaşan okyjylarymyzyň käbiri bolsa “Türkmenistanda para nirede duş gelýärsiňiz?” diýlen soragyň “ýalňyş” goýlandygyny, hakykatda “Para nirede duş gelmeýärsiňiz?” diýen sorag goýlan bolsa, onda jogap bermegiň aňsat boljakdygyny nygtaýarlar.

Ýokarda sanalan teswirleriň ählisi okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlary we olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG