Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Eýran: Wiza çäklendirmesi garşylyk döretdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (s), Nýu Ýork, 26-njy sentýabr, 2015
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (ç) we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (s), Nýu Ýork, 26-njy sentýabr, 2015

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Ak Tamyň eýranlylarda gahar döreden täze wiza çäklendirmelerinden el çekip biljekdigine Tährany ynandyrmaga çalyşmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda-da ol bu meselede Kongresdäki respublikan liderleriniň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif çäklendirmeleriň iýul aýynda gelnen ýadro ylalaşygynda ykdysady hem syýahatçylyk çäklendirmeleriniň ýatyrylmagyny göz öňünde tutýan şertlerine ters gelýändigini aýdyp, nägilelik bildirdi. Bu şertnama görä, Tähran ýadro programmasyny çäklendirmek borjuny öz üstüne aly.

Eýranyň liderleri we Ýewropanyň käbir resmileri wiza çäklendirmeleriniň Eýrana maýa ýatyryp biljek ABŞ-nyň potensial maýa goýujylaryny we syýahatçylaryny yza tesdirip biljekdigini aýdýarlar.

Emma Kerri 19-njy dekabrda Zarife ýazan hatynda ABŞ-nyň ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin Eýrana köp syýahat edýän maýa goýujylara we işewürlere uzak möhletli wizalary berip biljekdigini belledi.

'Potensial mümkinçilikler'

Kerriniň hatynda “Bizde elýeterli potensial mümkinçilikleriň birnäçesi bar, şol sanda köp gezeklik onýyllyk biznes giriş wizalary, biznes wizalaryny ýaýbaňlandyrmak boýunça programmalar” diýilýär.

Kerriniň Tährana beren düşündirişleri Kongresde garşylyk döretdi. Respublikanlar täze wiza talaplarynyň berk ýerine ýetirilmegini talap edýärler.

Olar kanunyň Eýrana, şeýle-de Yraga, Siriýa we Sudana syýahat edýän harby we hökümet resmileri üçin wizasyz düzgüne rugsat berýändigini, emma munuň biznes bilen bagly syýahatçylyga degişli däldigini aýdýarlar.

“Biz wiza mümkinçiliginiň ulanylmagynyň çäkliliginiň äsgerilmezligi bilen bagly çuňňur aladalanýarys” diýip, Kongresiň respublikan wekili Kewin Makkarty (Kevin McCarthy) we Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Ed Roýse we beýleki respublikan liderler 23-nji dekabrda administrasiýa ýazan hatynda aýdýarlar.

Respublikanlaryň Eýran bilen ýadro ylalaşygyna garşy pozisiýasyny nazara alyp, Eýranyň liderleri we käbir eýranly amerikan aktiwistleri Eýrana syýahat etmek boýunça çäklendirmeleriň ýadro ylalaşygyna päsgel bermek üçin amala aşyrylýan assyryn usulyň bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.

Terrorçylyga gatnaşyk

Eýran öz raýatlarynyň Pariždäki we Kaliforniýadaky terrorçylykly hüjümlere gatnaşygynyň bolmandygyny nygtaýar. Hut şol hüjümler hem geçen hepdede agzalýan kanunyň kabul edilmegine getirdi.

Muňa garamazdan, Saud Arabystanynyň we Pakistanyň raýatlary terrorçylykly hüjümlere, şol sanda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan hüjümlere gatnaşan hem bolsalar, täze wiza gadagançylygy bu ýurtlary öz içine alanok.

Kanun çykaryjylar Eýran babatyndaky çäklendirmeleriň bu ýurda terrorçylygy goldaýan ýurt hökmünde garalmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG