Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak Kürdüstanynda syýasy krizis möwjeýär


Yrak Kürdüstanynyň premýer-ministri Naçirwan Barzany.
Yrak Kürdüstanynyň premýer-ministri Naçirwan Barzany.

Regionyň durnuklylygyna howp salýan syýasy krizisde Yrak Kürdüstanynyň premýer-ministri 12-nji oktýabrda kabinetiň dört ministrini wezipeden boşadyp, parlamentiň başlygyna paýtagta gelmegi gadagan etdi.

Parlamentiň başlygy bilen wezipeden boşadylan ministrleriň hemmesi "Gorran" partiýasynyň agzalary. Yrak Kürdüstanynda agdyklyk edýän ”Kürdüstanyň demokratik partiýasy” "KDP" "Gorran" partiýasyny hepdäniň ahyrynda azyndan dört adamynyň ölümine sebäp bolan gazaply protestleri gurnanlykda aýyplaýar.

Waka belli bir derejede asuda hasaplanýan özerkli regionda soňky ýyllarda ýüz beren iň agyr bulagaýlykdyr. Bu bulagaýlygyň "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine garşy alnyp barylýan söweşiň netijeliligine zyýan ýetirmegi mümkin. Sebäbi bu jeňçi topara garşy söweşde Yrak Kürdüstany Birleşen Ştatlaryň esasy ýarany bolup durýar.

"Döwlet agdarylyşygy"

"Ýagdaýy jylawlamak" maksady bilen premýer-ministr Naçirwan Barzany dini işler, maliýe, söwda we peşmerga güýçleriniň ministrlerini çagyryp, olardan "öz weziplerini terk etmeklerini talap etdi" diýip, Kürdüstanyň regional hökümetiniň sözçüsi Safeen Dizaýee aýtdy.

Ondan öň parlamentiň başlygy Ýusif Mohammad parlamentiň ýerleşýän şäheri Kürdüstanyň paýtagty Irbile barýarka ”Kürdüstanyň demokratik partiýasyna” degişli howpsuzlyk güýçleriniň özüni ýoldan yzyna dolandyklaryny aýdyp, bu işi "döwlet agdarylyşygy" diýip atlandyrdy.

"Gorran" partiýasynyň baş ştabynyň ýerleşýän ýeri Suleýmaniýe şäherine dolanyp gelen Mohammad: "Şu gün we düýn bolan zatlar Kürdüstandaky syýasy proses üçin bir howply waka" diýdi.

Prezidentiň ygtyýarlylygy

Hökümeti düzýän iki partiýanyň arasyndaky gatnaşygyň dartgynlaşmagyna sebäp bolan Mesud Barzanynyň prezidentlik möhletiniň ýaňy awgust aýynda tamamlanandygy.

Barzany häkimiýet başynda galmak isleýär. Ol bu islegini häzirki wagtda peşmerga güýçleri "Yslam döwleti" toparyna garşy söweşde aýgytly roly oýnaýarka regiony özüniň dolandyrmagynyň zerurdygy bilen delillendirýär.

Dört partiýa, eger prezidentiň möhleti uzaldylmaly bolsa, onda onuň ygtyýarlylygy çäklendirilmeli diýýär. Bu partiýalaryň biri hem "Gorran". Barzanynyň ýolbaşçylygyndaky ”Kürdüstanyň demokratik partiýasy” bolsa bu talaby ret edýär.

Ykdysady krizisiň netijesi

Dörän gymyldysyz ýagdaý ykdysady krizisiň üstüne urna bolup, adamlaryň protest bilen köçerlere çykmagyna getirdi.

Öten hepde demonstrasiýalar gazaply çykyşlara ýazyp, protestçiler Suleýmaniýe welaýatynda ”Kürdüstanyň demokratik partiýasynyň” edaralaryna hüjüm etdiler.

Regionda ozal biri-birinden aýry iki dolandyryş merkezi bardy. Bularyň biri Erbil, beýlekisi hem Suleýmaniýedi. Häzirki krizis indi şol öňki bölünişigi gaýtadan tutaşdyrýar.

Soňky günlerde KDP özüniň Suleýmaniýedäki edaralarynyň käbirini boşatdy. ”Gorranyň” Irbil we Duhok şäherlerindäki "KNN" telekanalyna degişli edaralary ýapyldy.

Merkezi Suleýmaniýede ýerleşýän kürt media ulgamy NRT-niň hem Irbil welaýatyndaky edaralaryny KDP-niň howpsuzlyk güýçleri dökdüler.

XS
SM
MD
LG