Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary: motosiklleriň gadagan edilmegi


Hytaýda ýasalan motosikller Russiýada öndürilen motosikllere görä bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýarlar.
Hytaýda ýasalan motosikller Russiýada öndürilen motosikllere görä bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Soňky birnäçe aýdan bäri, Mary welaýatynda ilat arasynda belli bir meşhurlyga eýe bolan Hytaýda öndürilen iki tekerli motosikller ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, olaryň sürülmegi gadagan edilýär.

Hytaýda ýasalan “HTA”, “MTR” kysymly motosikller regionda soňky 4-5 ýylyň dowamynda peýda bolup, olar Russiýada öndürilen motosikllere görä bahasynyň we ätiýaçlyk şaýlarynyň arzanlygy bilen tapawutlanýarlar.

Häzirki gün polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri bahasy 500-1000 dollar aralygyndaky bu motosiklleri saklap, olaryň tehniki pasportyny barlaýarlar. Soralýan dokument ýok bolsa, ulag polisiýanyň edarasyna eltilýär, eýesine hem jerime salynýar. Gepiň gerdişine görä aýtsak, gürrüňi gidýän bu motosiklleriň tas ählisinde diýen ýaly tehniki pasport ýok.

Munuň sebäbi hem häzirki güne çenli bu motosikllere degişli edaralar tarapyndan tehniki pasportyň berilmeýänliginden. Geçen hepde motosikli saklanyp, polisiýa eltilen Aşyr, soralýan dokumenti almak üçin tagalla etse-de, alyp bilmändigini aýdýar.

“Men motorymy geçen ýyl aldym. Ony hasaba alsalar hem, tehniki pasport bermediler. ‘Garaşyň. Buýruk ýok’ diýip goýberýärdiler. Indi hem sen-de ýok, men-de ýok, motosiklleri ýygnap başladylar” diýip, Aşyr gürrüň berýär.

Gürrüňi gdiýän motosikllere 4-5 ýylyň dowamynda näme sebäpden tehniki pasportlaryň berilmändigi we olaryň häzir näme sebäpden gadagan edilip başlanandygy barada ýerli häkimiýetlerden takyk maglumat almak başartmady.

Emma Tagtabazar etrabynyň özüniň atlandyrylmazlygyny soran polisiýa işgäri motosikilleriň häzirki wagtda gadagan edilmeginiň sebäbini - meýdanlarda ýokary tizlikli ýa-da güýçli motorly keýik awlamagyň köpelenligi bilen düşündirdi.

“Keýik awlaýan köpeldi. Hususan-da, Tagtabazar, Serhedabat we Saragt etraplarynynyň awçylary motor bilen awlaýarlar” diýip , polisiýanyň işgäri gürrüň berdi. Emma bu maglumaty beýleki çeşmelere tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Şol bir wagtda motosiklleriň gadagan edilmegi obalardaky ýerli ilatyň durmuşyna öz oňaýsyz täsirini ýetirdi. Motosiklli çopan goşuna gatnaýan Ilaman, häzir motosikliniň öz elinden alynmagyndan howatyr edip, onuň bilen ýola çykmakdan saklanýandygyny aýdýar.

“Bu ýerlerde jemgyýetçilik transporty barmy näme? Adamlar şu motorlar bilen ýol söküp, gün görýärdiler” diýip, ol nägileligini bildirýär.

Ýol gözegçilik polisiýa bölümine eltilen ýa-da ilat arasynda aýdylyşy ýaly “dostawka” edilen motosiklleriň geljekki ykbaly hem nämälim bolup galýar. Motosikl eýeleri özleriniň bu soragyna häkimiýetler tarapyndan hiç hili jogap berilmeýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli resmilerden bu dowam edýän ýagdaý boýunça nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary hem şowsuz gutardy.

XS
SM
MD
LG