Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmensährada ýaňlanýan gopuz sesi


Eýranly türkmenler Magtymguly günlerini belleýär. 15-nji maý, 2015
Eýranly türkmenler Magtymguly günlerini belleýär. 15-nji maý, 2015

Türkmensähra, eýranly türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýerine baranyňda ilki gözüňe ilýän zat türkmen aýal-gyzlarynyň gyzyl-ýaşyl reňkdäki lybaslary, ýaglyklary we gyňaçlary bolýar.

Belki-de, Eýranyň beýleki uly şäherlerinde aýal-gyzlar esasan gara lybasly eşikleri geýensoň, bu ýagdaý aýratyn göze ilýändir.

Türkmensähraly türkmenler diňe milli egin-eşiklerini däl, öz ene dillerini hem gorap saklaýarlar, ýagny olar uly-kiçi diýmän, öz aralarynda hemişe ene dillerinde, türkmençe gürleşýärler.

Bu bolsa, öz gezeginde, döwlet dili pars dili bolan ýurtda türkmen diliniň ene-atadan ogla-gyza geçip, öz gözelligini, baýlygyny ýitirmän saklamagynda uly rol oýnaýar.

Eýranly türkmenler zenanlaryň aktiwligi bilen hem öňe saýlanýar, olar medeniýetde we jemgyýetiň islendik beýleki pudagynda, ýurt kanunlarynyň çäginde, aktiw rol oýnaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany Eýrandaky türkmensähraly türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki roluna, olaryň türkmençilik aladalaryna bagyşlandy.

Türkmensährada ýaňlanýan gopuz sesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:59 0:00

XS
SM
MD
LG