Mälim bolşy ýaly Eýran hem Owganystan ýaly etniki türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan ýurtlarynyň biri. Eýrandaky Türkmensähra türkmenleri metbugatda öz dilini ulanýarlar. Olar näresmi ýagdaýda türkmen dilinde sapaklar hem okaýarlar.
Eýsem, Eýranda ýaşaýan etniki türkmenler ene dil babatda nähili sepgitleri başdan geçirdiler we geçirýärler? Ene dil barasyndaky häzirki ýagdaý Türkmensähra türkmenlerini nä derejede kanagatlandyrýar? Şeýle-de olaryň geljekde ene dil babatda nähili planlary bar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Eýran türkmenleriniň ene dil ýagdaýyny ýerinde olaryň wekilleriniň gatnaşmagyndaky tegelek stol söhbetdeşliginde ele alýar. Hemmeleri bu temadaky gepleşige goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň hat salgymyz hat@azatradio.org
Şeýle-de ene dil temasyndaky teswirleriňizi aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz: