Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sud prosesi başdan-aýak ýalan”


Hatyja Ismaýilowa.
Hatyja Ismaýilowa.

Baku sudy derňeýji žurnalist Hatyja Ismaýilowanyň prosesini 18-nji awgustda dowam etdirdi. Žurnalistiň ejesi bilen onuň aýal dogany bolsa suduň tarapgöýlük etmeýändigine, işi hökümetiň peýdasyna alyp barmaýandygyna şübhelenýärler.

Azatlyk Radiosynyň nebite baý Azerbaýjanda hökümet resmileri tarapyndan edilýän korrupsiýanyň üstüni açanlygy üçin ençeme sylaga mynasyp bolan 39 ýaşly žurnalistine pul iýenlikde, salgyt tölemekde aldawa ýüz uranlykda, şeýle hem güýç-gudratdan galp peýdalananlykda günä bildirilýär.

Hukuk guramalary bilen günbatar hökümetleri Ismaýilowa bildirilýän aýyplamalara seslenip, sud işini syýasy sebäpli diýip häsiýetlendirdiler.

“Başdan-aýak ýalan”

18-nji awgustda bolan diňlenişikde Ismaýilowanyň ejesi Elmira Ismaýilowa bir arakesmede žurnalistlere proses "başdan-aýak ýalan" diýdi.

Soňra ol gorag üçin edilen ençeme synanyşygy suduň öňünden ret edendigini sözüniň üstüne goşdy.

"Hatyja öz aklawçylary bilen pikir alyşmak üçin ýene bir hepde wagt sorady. Ol şeýle hem prosesde şaýat diýip resmi taýdan hasaba alnan we özüniň asla duşuşmadyk Ramal Huseýnow atly bir adamyň görkezme bermegi üçin suda çagyrylmagyny talap etdi" diýip, Elmira Ismaýilowa aýtdy.

"Hatyja diňlenişikleriň gündelik esasda bolmazlygyny, özüniň her gün iki sagat türme kamerasynyň ýa suduň zalynyň daşynda gezmäge bolan hukugynyň hormatlanmagyny talap etdi. Ýöne kazy onuň bu talaplarynyň ählisini ret etdi".

Aýyplamalar

Elmira Ismaýilowanyň aýtmagyna görä, gyzynyň we onuň aklawçylarynyň aýdýan zatlary kazy Ramela Allahwerdiýewany gyzyklandyrmaýana meňzeýär.

Prezident Ylham Aliýew bilen onuň maşgala agzalarynyň maliýe işleri barada ýygy-ýygydan habar ýazan Hatyja Ismaýilowa öten dekabrda tussag edildi.

Proses iýul aýynda bolan deslapky diňlenişikden soň 7-nji awgustda başlandy.

Ismailowa ilki öňki kärdeşi Tural Mustafaýewi öz janyna kast etmäge synanyşmaga iterenlikde aýyplanypdy. Beýleki aýyplamalar onuň üstüne soňra goşuldy.

Iýul aýynda bolan deslapky diňlenişikde Mustafaýew kanuny goraýan güýçler tarapyndan özüne edilen basyş netijesinde Ismaýilowany "garalandygyny" aýtdy. Ýöne bu aýyplamany sanawdan çykarmak barada edilen goranmak hereketleri ret edildi.

Tussag edilen žurnalistler

Ismaýilowa Azerbaýjanda tussag edilen onlarça aktiwistiň, žurnalistleriň we hökümete tankydy garaýanlaryň iň tanymaly. Halkara hukuk toparlarynyň garaýşyça, bu adamlaryň tussag edilmegi öňki sowet respublikasynda başgaça pikirlenýänleriň işlerini basyp ýatyrmak üçin edilýän synanyşyklaryň biri.

Ol özüne bildirilýän aýyplamalara žurnalistik işini dymdyrmak üçin synanyşyk diýýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen beýleki günbatar döwletleri Ismaýilowanyň boşadylmagyna çagyrdylar. Günä geçiş guramasy Amnesty International ony "wyždan ýesiri" diýip atlandyrdy. Žurnalistleri goramak komiteti bolsa, oňa bildirilýän aýyplamalary žurnalistik işleri üçin ondan öç almak diýip häsiýetlendirdi.

10-njy awgustda Human Rights Watch guramasy Adatdan daşary işjeňlik sylagy bolan Alison Des Forges baýragyny 2015-nji ýylda alanyň Ismaýilowadygyny jar etdi.

29-njy iýulda Birleşen Ştatlaryň Milli Metbugat Kluby Ismaýilowany metbugat erkinligi baradaky iň ýokary Jon Abuçen baýragy bilen sylaglady.

Maý aýynda hem ol amerikan PEN merkeziniň metbugat erkinligi baradaky iň abraýly sylagyna mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG