Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat-Nýu-Deli: goranyşy ylalaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň 11-nji iýulda, Aşgabatda geçiren gepleşiklerinde hyzmatdaşlyk boýunça ýedi şertnama, şol sanda goranmak ylalaşygyna gol çekildi diýip, hindi habar serişdeleri ýazýar.

Goranmak şertnamasy, iki ýurduň goranmak ministrlikleriniň we beýleki guramalarynyň arasynda ýokary we orta derejeli saparlary, tälim beriş çärelerini we dialogy ýola goýmak bilen, ikitaraplaýyn goranyş we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmaga esas berýär diýip, habarlarda bellenilýär.

Şeýle-de habarlarda hindi premýeriniň TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi proýektini amala aşyrmagy çaltlaşdyrmagy teklip edendigi aýdylýar.

Türkmen mediasy Modiniň Aşgabatda Mahatma Gandiniň ýadygärliginiň we Ýoga merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny, Gypjakda öňki prezidentiň mawzoleýine çemen goýandygyny, Türkmenbaşy metjidine barandygyny ýazýar.

XS
SM
MD
LG