Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Türkmenistan adam söwdasynyň çeşmesi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (s) Döwlet departamentiniň Adam söwdasy boýunça 2015-nji ýylyň hasabaty barada maslahat geçirdi, Waşington, 27-nji iýul, 2015.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (s) Döwlet departamentiniň Adam söwdasy boýunça 2015-nji ýylyň hasabaty barada maslahat geçirdi, Waşington, 27-nji iýul, 2015.

Türkmenistan mejbury zähmete we jynsy gulçulyga salynýan erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň çeşmesi diýlip, ABŞ-nyň Adam söwdasy boýunça çap eden täze hasabatynda aýdylýar.

Maglumatda türkmenistanly erkekleriň we aýallaryň dokma senagatynda, oba hojalygynda, gurluşykda we hyzmat ediş pudagynda işlemek üçin daşary ýurtlara çykanlaryndan soň zor bilen işlemäge mejbur edilýändigi bellenilip, şeýle-de daşary ýurtlarda türkmen aýal-gyzlarynyň jynsy gulçulyga sezewar bolýandygy aýdylýar.

Oba ýerleriniň ýaşaýjylarynyň gulçulygyň esasy pidasy bolmak töwekgelçiligi has ýokary. Daşary ýurtlarda adam söwdasyna uçraýan erkek adamlaryň sanynyň 2014-nji ýylda aýallardan has köpelendigini aýdýarlar diýlip, bu hasabatda bellenýär.

Içerki we daşarky gulçulyk

Türkiýe we Orsýet türkmenistanlylaryň adam söwdasynyň pidasy bolýan esasy ýurtlary. Olaryň yz ýanyndan bolsa Ýakyn Gündogar, Günorta we Merkezi Aziýa, Ýewropa ýurtlary barýar.

Halkara guramasy adam söwdasynyň pidalaryndan her aýda 10-15 adamynyň Türkmenistana dolanyp barýandygyny çak edýär diýlip, hasabatda bellenýär.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň içinde resmi bolmadyk gurluşyklarda hem zor bilen işledilýärler.

Pagta ýygymyna gatnaşmaklyk käbir döwlet edaralarynyň işgärleri üçin mejburylyk hasaplanylýar. Olar işlemekden ýa-da öz ýerine işlär ýaly hakyna adam tutmakdan boýun gaçyrsalar, iş ornuny ýitirmek töwekgelçiligine duçar bolýarlar.

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda resmileriň käbir telekeçilerden hem pagta ýygymyna adam ibermegi talap edýändigi habar berilýär. Türkmenistanyň hökümeti gulçulygy aradan aýyrmak boýunça iň minimal talaplary-da berjaý etmeýär, şol bir wagtda-da muny etmek ugrunda tagalla görkezýär diýlip, ABŞ-nyň Adam söwdasy boýunça täze hasabatynda bellenýär.

Emma, hökümet, mundan ozalky döwür bilen deňeşdirilende, özüniň adam söwdasyna garşy alyp barýan işlerini güýçlendirmedi.

Hasabatda aýdylyşyna görä, türkmen hökümeti alyp barýan göreşiniň çäginde adam söwdasyna baş goşýanlary jezalandyrýar we 2016-2018-nji ýyllarda türgenleşikleri geçirmek boýunça halkara guramalary bilen aktiw hyzmatdaşlyk alyp barýar. Muňa garamazdan, pidalary anyklamak we olara ýardam bermek boýunça talabalaýyk tagalla etmän, tersine, häkimiýetler gulçulyga mejbur bolanlygy üçin adam söwdasynyň pidalarynyň özlerine basyş edýärler.

Rekomendasiýalar

ABŞ-nyň Adam söwdasy boýunça 2015-nji ýyldaky hasabatynda Türkmenistana şeýle rekomendasiýalar berilýär: 2016-2018-njy ýyllar boýunça milli çäreleriň planynyň üstünde ýene işlemek we kabul etmek; potensial pidalary anyklamak we goraýjy gulluklara ýollamak üçin yzygiderli işleri ýola goýmak; serhetçileri, polisiýany we beýleki jogapkär resmileri sud proseduralary boýunça türgenleşdirmek; migrasion düzgünleri bozmak we ten satmak ýaly bikanunçylyklar üçin pidalaryň jezalandyrylmajagyny olary ynandyrmak boýunça goragçylary döretmek we degişli resmileri türgenleşdirmek; adam gaçakçylygy bilen bagly wakalary derňemek we yzarlamak üçin 129-njy maddany ulanmagy dowam etdirmek.

Hasabatda Türkmenistana berilýän rekomendasiýalaryň arasynda ýene-de, hususan-da, Adam gaçakçylygyna garşy 2007-nji ýylyň kanunyndaky gorag çäreleriniň durmuşa geçirilmegini gowulandyrmak; pidalara ýardam berýän guramalara maliýe ýa beýleki zerur kömekleri bermek; adam söwdasyna baş goşmakda güman edilýänleri derňemek we yzarlamak işine pidalary çekmek; ilaty habarly etmek boýunça tagallalary güýçlendirmek; adam söwdasyna garşy milli tagallalary sazlaşdyrmak üçin graždan jemgyýetçilik guramalary bilen resmi gatnaşyklary ösdürmek teklip edilýär.

Jezalandyryş

ABŞ-nyň Adam söwdasy boýunça hasabatynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 129-njy maddasynda adam gaçakçylygy üçin berk jezanyň, dört we 25 ýyl aralygynda türme tussaglygynyň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar. Emma eger adam söwdasynda günälenýän öz pidasyny meýletin goýberen ýagdaýynda onuň tussag edilmezligini hem öz içine alýandygy bellenýär.

2014-nji ýylda türkmen hökümeti Jenaýat kodeksiniň 129-njy maddasyna laýyklykda alty sany waka boýunça aýyplanýanlaryň näbelli sanlysyna garşy iş gozgandygyny we dokuz adamy günäli tapandygyny habar berdi. 2013-nji ýylda olaryň sany üç bolupdy. Bu wakalaryň ählisi türkmen raýatlary tarapyndan hakyna tutulan türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda mejbury işledilmegi bilen bagly bolupdy. Türkmen hökümeti adam söwdasyna döwlet işgärleriniň baş goşmagyna degişli derňewler, yzarlamalar ýa jezalandyrylmalar barada hiç hili hasabat bermedi diýlip, ABŞ-nyň Adam söwdasy boýunça hasabatda bellenýär.

Gorag

Hasabatda türkmen hökümetiniň adam söwdasynyň pidalaryny goramakda we ýardam bermekde hem-de şeýle işleri hökümete degişli bolmadyk guramalaryň amala aşyrmagyna mümkinçilik bermekde hökümetiň tagallalarynyň çäkli bolandygy bellenýär. Hökümet 2014-nji ýylda adam söwdasynyň 19 pidasyny anyklady, bu san 2013-nji ýyla garanda azaldy, mundan ozal olaryň sany 33 adamdy. Halkara guramasynyň 62 adama ýardam berendigi habar berildi; hökümet bolsa muňa kömek üçin maddy goldawy üpjün etmedi. Türkmenistanda adam söwdasynyň aýal pidalary üçin gorag öýünde daşary ýurt maliýe serişdeleriniň hasabyna hökümete degişli bolmadyk gurama iş alyp bardy. Gorag öýünde 2014-nji ýylda sekiz zenana ýardam berildi diýlip, ABŞ-nyň Adam söwdasy boýunça hasabatynda aýdylýar.

Bu hasabat ABŞ-nyň hökümetiniň daşary ýurt hökümetlerini adam söwdasy problemasyna çekmek boýunça düýpli diplomatik guraly bolup durýar. Şeýle-de bu hökümetleriň adam söwdasyna garşy tagallalarynyň çeşmesi bolup, problemanyň möçberi barada habar berip, onuň öňüni almak boýunça çäreleri öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG