Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amyderýanyň suwy joşdy


Kerkiçilileriň aýtmagyna görä, olaryň mellek ýerlerini suw basypdyr.
Kerkiçilileriň aýtmagyna görä, olaryň mellek ýerlerini suw basypdyr.

Lebap welaýatyny kesip geçýän Amyderýanyň suwy joşup, ol häzirki wagtda käbir obalaryň ilatyny aljyraňňy ýagdaýa saldy. Suw birden joşup, derýanyň kenarynda ýerleşýän käbir ýaşaýyş jaýlaryna çenli baryp ýetdi.

Bu ýagdaý, esasanam, Kerki şäherçesiniň we onuň töwereginde derýanyň kenarynda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylaryny howsala salýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir kerkiçilileriň aýtmagyna görä, olaryň mellek ýerlerini suw basypdyr. Öýlerini suw basanlaram bar.

Bu ýagdaý her ýyl gaýtalanýar, we her ýyl bolşy ýaly bu ýyl hem suw howpuna garşy adamlaryň özleri çäre görýärler. Edil şu günki gün Kerkiçi şäherçesiniň töwereginde hökümet tarapyndan bu barada alnyp barylýan haýsydyr bir tagalla göze ilenok.

Amyderýa
Amyderýa

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garahowuz obasy hem derýa ýakyn ýerleşýän obalaryň biri. Suwuň derejesiniň ýokary galmagy bu obanyň daýhanlaryny hem aljyraňňy ýagdaýda goýdy. Ençeme daýhanlaryň gowaçaly atyzlary suwuň aşagynda galdy we bu ýagdaý daýhanlaryň azabyna uly howp salýar.

Bu barada özüni Nurmyrat diýip tanadan Garahowuz obasynyň 50 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Meniň dört gektar ýaly ýerimi suw aldy, gowaça ep-esli ulalypdy. Oňa näçe azap etdik, otadyk, dökün dökdük. Bu zatlary etmek üçin kömege adam tutduk, çykdaýjy boldy indi bolsa plany dolup bolmaz. Näme etjegimi bilemok”.

Garahowuzda bu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan diňe Nurmyrat däl, obanyň ýaşaýjylaryndan ençemesi mellegini suw basanlygy sebäpli hasylynyň nähili boljagyny we şeýlelikde maşgalasynyň ykbalyny alada edýärler.

Garahowzuň ýaşaýjylary obada suw basan ýeriň takmynan 200 gektar töweregidigini we howanyň gyzmagy bilen bu howpuň hasam artýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. Ýagdaýdan zýýan çeken kärendeçileriň sany çen bilen 50 töweregi diýlip habar berilýär.

Kärendeçileri, bu ýyl diňe hasylynyň pes boljagy däl, kärendesine alan ýeri sebäpli häkimiýetler bilen nähili çözlüşjegi hem alada goýýar. Sebäbi, hasylyň bitenligine ýa bitmedigine garamazdan, häkimiýetler diňe ylalaşylan plana görä hasabat soraýarlar.

Häzirki gün howanyň derejesi 40 gradusdan ýokary, bu ýagdaý Täjigistanyň daglaryndaky buzlary eredýar, buzlaryň eremegi Amyderýanyň suwuny joşdurýar, şeýlelikde joşan suw derýanyň kenaryny opurmagy dowam etdirýär.

Bu ýagdaý her ýyl gaýtalanýar, emma muňa garamazdan, edil häzirki gün howp astyndaky obalary, daýhanlaryň ekin meýdanlaryny goramak üçin hökümet tarapyndan alnyp barylýan haýsydyr bir çäre göze ilenok, ýöne ýaşaýjylardan käbirleriniň sözünden çen tutsaň, onda bu ugurdan häkimiýetler tarapyndan käbir çäkli derjedäki işler alnyp barylýana meňzeýär.

Garaz, şu günki gün Lebabyň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän obalarynyň daýhanlary aladaly, ertiriň öz başlaryna näme kynçylyklar getirjegi baradaky ynjalyksyz aladalar bilen ýaşaýarlar.

XS
SM
MD
LG