Demirgazyk Owganystanyň Sar-i-Pul welaýatynda howpsuzlyk şertleriniň has ýaramazlaşýandygy habar berlip, söweşijileriň bu welaýatdaky 16 obany basyp alandygy bellenilýär.
Sar-i-Pul welaýatynyň daglyk ýerlerinde daşary ýurtly jeňçileriň hem ýerleşendigi, şeýle-de owgan harbylarynyň welaýatdaky ençeme harby posty terk edendigi nygtalýar.
Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymmerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.