Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň partiýasy soňky 13 ýylyň dowamynda ilkinji gezek saýlawlarda ses köpçüligini elden berdi.
7-nji iýunda sesleriň tas ählisiniň sanalmagynyň netijesinde “Adalat we ösüş” partiýasy sesleriň 41%-ne eýe bolup, 2011-nji ýylyň görkezijisine ýagny 50% ýetip bilmedi.
Eýse, saýlawlaryň netijesine türkleriň özi nähili baha berýär?
Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan bu barada taýýarlan maglumatyny aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.