Şu gün, 5-nji iýunda Hatyja Ysmaýylowanyň türmede oturanyna alty aý dolýar. Emma bu ýagdaýlaryň hemmesi 2014-nji ýylyň 5-nji dekabryndan, onuň tutulyp, tussaghana ýerleşdirilmeginden has ir başlanypdy.
Turuwbaşda oňa haýbat bilen telefon etdiler, emma ol öz prinsiplerinden el çekmedi. Soň bu onuň ýakynlaryna abanýan elhenç wehim bilen utgaşdy. Ol ýene-de öz prinsiplerinden el çekmedi.
Hatyja üçin seçgi bardy
Ol korrupsiýa barada ýazmasyny goýup, birsellem çekeräk durup ýaşap bilýärdi. Munuň üçin ony hiç kim günäkärlejek däldi. Emma ol muny etmedi. Ol öz pozisiýasyny biraz ýumşadyp biljekdi. Emma ol muny hem etmedi. Ol käbir «ynjyk» temalardan sowlup, Azerbaýjanyň «eldegrilmesizleriniň» hileli geleşiklerini derňemän, öz durmuşyny biraz ýeňilleşdrip biljekdi. Emma ol muny etmedi. Ol žurnalizm prinsipleri babatda eglişik edip biljek däldi.
Azerbaýjan häkimiýetleri hem seçgi etmäge mejbur boldy.
Olar Hatyja basyşy güýçlendirmegi dowam etdirip, daşary ýurtlardan tankyt edilmek töwekgelligine baş urarlarmy?
Olar onuň makalalarynyň ýurt içinde çap edilmeginiň öňüni alyp, hatda olaryň internet elýeterliligini hem kynlaşdyryp, žurnalistiň aýdýan zatlaryny eşitmezlige salyp bilerlermi? Ýa-da olar onuň derňew žurnalizmini sorag astyna almalymy? Problema ol ýerde sorag astyna alara zadyň ýoklugyndady: faktlar öz-özleri barada gürrüň berýärdi.
Haçanda 2012-nji ýylyň martynda internetde Hatyjany intim ýagdaýda görkezýän we bikanun ele salnan anyk wideoýazgy peýda bolanda, häkimiýetleriň nähili ýoly saýlap alany belli boldy: her edip, hesip edip, žurnalistiň sesini sem etmeli. Azerbaýjanyň hökümetiniň hereketlerini goramaly we daşary ýurt hökümetleriniň pozisiýalaryny ýumşatmaly lobbistler, wagyzçylar hakyna tutuldy. Sahna gurnaldy.
Hatyja ýene bir gezek öz pirinsipleri ýaly kuwwatlydygyny subut etdi. Ol metbugat ýygnagyny gurnady, wideoýazgyny görkezdi we hemmelere hiç kimiň özüni sem edip bilmejegini, öz ýurdundaky korrupsiýa barada ýazmagy dowam etdirjegini aýtdy. Hemmeler, ozaly bilen bolsa Azerbaýjanyň häkimiýetleri onuň biraz köşeşmegini isläpdi. Hatda has aram syýasy we metbugat töwereklerinde hem ol «bozgaga» öwrüldi.
Söz berşi ýaly, Hatyja ýazmagyny dowam etdirdi. Ol Azerbaýjandaky resmi korrupsiýa barada has kän makala çap etdi. “Men tussag edilip biljegimi bilýärin” - diýip, ol 2014-nji ýylyň oktýabrynda aýtdy. “Eger bu şoňa baryp ýetse, men oňa taýýar.”
2014-nji ýylyň 5-nji dekabrynda onuň kwartirasyna polisiýa geldi we žurnalisti prokuratura edarasyna alyp gitdi. Aýyplamalar bolgusyzdy: bir adam ony özüni janyna kast etmäge iteklemekde günäledi.
Haçanda ol adam beýle zadyň bolandygyny inkär edende, Bakuwdaky häkimiýetler täze aýyplamalary bildirdiler: ogurlyk, bikanun telekeçilik, salgytdan gaçmak we wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmak. Häkimiýetler AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy maliýe jenaýatlaryny etdi diýdiler, ýogsam bolmanda bu edara Bakuwda kanun esasynda hasaba alnypdy we hatda Azerbaýjanyň resmi auditi 2012-nji ýylda AÝ/AR-nyň işinde hiç bir terslik subutnamasyny tapmandy.
“Men tussag edilip biljegimi bilýärin. Eger bu şoňa baryp ýetse, men oňa taýýar.”H.Ysmaýylowa
Munuň hiç bir ähmiýeti bolmady. AÝ/AR-nyň Bakuwdaky býurosy 2014-nji ýylyň 26-njy dekabrynda bikanun ýagdaýda ýapyldy. Sülçiler we ýaragly polisiýa ofiserleri işgärleriň bir otaga toplanmagyny buýrup, kompaniýanyň seýfini dökdi we dokumentlerini hem resmi möhürlerini konfiskasiýa etdi.
Suduň kararynda munuň Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy boýunça, jemgyýetçilik guramalarynyň daşary ýurtlardan maliýeleşdrilmegi bilen bagly geçirýän derňewiniň bir bölegidigi aýdyldy.
Hatyja Ysmaýylowa öz seçgisini etdi. Ol öz azatlygyny berk tutýan žurnalizm prinsiplerine gurban etmek kararyna geldi: “Meniň üçin eglişige gitmäň, men ony kabul etmerin.» Bu onuň iki aý ozal Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna iberen habarydy.
Elbetde, Azerbaýjanyň hökümeti hem öz seçgisini etdi: Hatyjany her zat edibem bolsa sem etmeli we Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Bakuwdaky býurosyny ýapmaly.
AÝ/AR hem öz seçgisini etdi. Biz Hatyjanyň we azerbaýjanly beýleki kärdeşlerimiziň arkasynda durus. Bir gün, pursaty gelende, Hatyja ýeňer. Özem ol ýeňşiň bahasyna hemmeden gowy düşünýär. Onuň türmede mahaly alan sylaglary, Amerikan Galamdaşlar merkeziniň, Şwed metbugat klubynyň, ABŞ-nyň Milli metbugat klubynyň baýraklary žurnaliste öz kuwwatlylygyny saklamaga kömek etdi.
AÝ/AR-ynda biz Hatyjanyň görýän ejir-azabyndan habarly, biziň köp kärdeşimiz bu jebri çekdi we käbirleri şirin janyndan mahrum boldy. Bu azap-ejir AÝ/AR-nyň gündelik durmuşynyň bir bölegi. AÝ/AR-ny köp režim we ekstremist toparlar ýuwaşatmaga synanyşdy, emma hiçisi başarmady we başarmaz.
Nenad Peýij AÝ/AR-nyň baş redaktory. Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.