Azerbaýjanda derňew žurnalisti we Azatlyk Radiosynyň hyzmatdaşy Hatyja Ismaýilowanyň - geçen ýylyň dekabr aýynda tussag edileninden bäri - ilkinji gezek dogan-garyndaşlaryny görmegine rugsat berildi.
Ismaýilowanyň aýal dogany Sabina Rahimowanyň 25-nji martda beren maglumatyna görä, ol 24-nji martda Bakuwyň tussaghanasynda Hatyjany görüp, onuň bilen aýnanyň araksyndan gürleşipdir.
Rahimowa gyz doganynyň ruhunyň belentdigini aýdyp, onuň öz dostlaryna, kärdeşlerine we beýleki dogan-garyndaşlaryna salam ýollandygyny belledi.
38 ýaşly Ismaýilowa kimdir birini öz janyna kast etmäge iteklemekde güman edilip, onuň deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada geçen ýylyň 5-nji dekabrynda karar çykarylypdy.