Tomus aýynyň gelmegi bilen ýurduň günbataryndaky Balkanabat şäherinde hem eýýäm ençe ýyllardan bäri dowam edýän we tok üpjünçiliginiň kadasyzlyk kadasyna öwrülen ýetmezçiligi gaýtalanyp başlaýar.
Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň tas ähli kwartallarynda elektrik togy her gün diýen ýaly dürli ýygylyk bilen ençeme gezek kesilýär. Mysal üçin, çarşenbe güni şäheriň 5-nji we 13-nji mikoroýonlarynda ençeme sagatlap elektrik togy bolmady.
Şol bir wagtda balkanabatlylar berilýän toguň naprýaženiýesiniň, ýagny güýjüniň hem göz öňünde tutulan 220 wattdan pesdigini aýdýarlar. Ilat holodilnik, sowadyjy, telewizor... ýaly öý hojalyk abzallaryny kadaly işledip bilmegi üçin, ýörite toguň güýjüni kadalaşdyryjy enjamlary satyn almaly bolýandyklaryny gürrüň berýärler. Gürrüňi gidýän kadalaşdyjyrylaryň bahasy 200-250 dollar aralygynda durýar.
Balkanabatda toguň ýygy-ýygydan kesilmeginiň, güýjüniň pes bolmagynyň sebäbini şäheriň könelip, sandan çykan elektrik transformatorlary bilen düşündirýärler. “Balkanenergo” edarasynyň özüniň efirde atlandyrylmazlygyny soran bir hünärmeniniň maglumatyna görä, şäheriň aglaba raýonlaryndaky – entek sowet döwründe gurlan – transformatorlar könelip, bu günki günüň talaplaryny ödärden has ejiz gelýär.
“Balkanenergo” edarasynyň hünärmeni käbir transformatorlara 50 ýyldan hem köp wagtyň bolandygyny aýdyp, howpsuzlyk kadalary esasynda transformatorlary 20 ýyl we ondan soň hem diňe 5 ýyl goşmaça ulanyp bolýandygyny aýdýar.
Dogrudanam, şäheriň aglaba böleklerinde suwagy gaçyp, gapylary çagşap duran köne transformatorlary görse bolýar.
Emma üznüksiz tok üpjünçiligini sazlamak maksady bilen şäheriň transformatorlarynyň çalşylan raýonlary hem bar. Mysal üçin, Nebitdagyň 155-nji kwartalyndaky transformator şäheriň beýleki tok podstansiýalaryndan özüniň täzeligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Onuň gyzmazlygy üçin ýörite sowadyjy-kondisioner hem oturdylypdyr.
Sözüň gerdişine görä belläp geçsek, ýokarky täze transformatoryň oturdylan ýerinde Balkan welaýatynyň häkimi we prokurory ýaşaýarlar.
Ýerli ýaşaýjylar elektrik togunyň “oýnap” durmagynyň özleriniň ýaşaýyş durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýändigini, elketrik enjamlarynyň ýanyp, bozulýandygy baradaky arz-şikaýatlarynyň hem netijesiz galýandygyndan zeýrenýärler.
Mundan birnäçe ýyl ozal Balkanabatda türk kompaniýasy tarapyndan ýörite elektrik podstansiýasy guruldy. Emma bu desga ýerli ýaşaýjylaryň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga niýetlenmän, eýse ol Eýrana eksport edilýän toguň göwrümini artdyrmak üçin peýdalanylýar.