Günbatar Türkmenistandaky Balkanabat şäherinde eýýäm iki günden bäri tutuşlygyna suw üpjünçiligi kesildi. Häkimiýetler Bereketdäki merkezi suw sorujy nasosyň sandan çykandygyny habar berdiler.
Balkan welaýatynyň merkezi – ilaty 120 müň töweregi diýlip çaklanylýan – Balkanabat şäherinde bary-ýogy ýeke-täk Internet-kafe bar. Ýeke-täk Internet-kafe bolsa-da, bu ýerde müşderileriň sany juda çäkli.
Balkanabatdaky gymmatlaşyk ýurduň daşyndan getirilýän önümleriň bahasyna-da, Türkmenistanyň öz içinde öndürilýän önümleriň bahasyna-da öz duýarlykly täsirini ýetirdi.
Mundan 36 ýyl ozal, ýagny 1979-njy ýylda gurlan bu köpugurly poliklinika diňe bir Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylary däl-de, eýse welaýatyň beýleki etraplarynyň ilatyna hem hyzmat edýärdi.
Balkanabatda jaýlara goşmaça sapylan otaglary, howlulardaky garažlary, binalaryň gapdallaryndaky barlary ýykyp-ýumurmak kampaniýasynyň öz yzynda galdyran “mirasy” häzirki güne çenli saklanyp galýar.
Balkan welaýatynda agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy Türkmenistanyň beýleki sebitlerine garanyňda has ýaramaz bolup galýar. Balkanabatda agyz suwy günde diňe dört sagat, ol hem iki tapgyra bölünip berilýär.
Tomus aýynyň gelmegi bilen Balkanabat şäherinde hem eýýäm ençe ýyllardan bäri dowam edýän we tok üpjünçiliginiň kadasyzlyk kadasyna öwrülen ýetmezçiligi gaýtalanyp başlaýar.
Balkanabat şäheriniň Eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýan “Ene mähri” merkezi şäheriň beýleki binalaryndan özüniň kaşaňlygy we owadanlygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Türkmenistanda manadyň dollara görä hümmetsizlenjekdigi baradaky tassyklanmadyk maglumatlaryň fonunda Balkanabadyň alyş-çalyş nokatlarynda nobatlar peýda bolup başlady.