18-nji maýda Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda goşa raýatlyk barada 1993-nji ýylda baglaşylan ylalaşyk öz güýjüni ýitirdi. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda orsýet tarapynyň "türkmen tarapynyň islegi sebäpli, nobatdaky bäş ýyl möhlete" uzaltmandygy yglan ediildi. Beýannamada türkmen tarapynyň islegi "kanunalaýyk, sebäbi ol ylalaşygyň şertlerine laýyk gelýär" diýip bellendi.
Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda goşa raýatlyk barada ylalaşyk 22 ýylyň dowamynda iki ýurduň raýatlaryna dürli mümkinçilikleri we kynçylyklary döretdi, resmileriň arasynda bolsa ençeme dawaly ýagdaýa sebäp boldy.
Azatlyk Radiosy ylalaşygyň doly ýatyrylmagy barada goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanly ýurist Ýewgeniý Greçuhin bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan we 20 ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ençeme dawaly ýagdaýlary döreden ylalaşyk edil şu gün öz güýjüni ýitirýär. Kanunçylyk nukdaýnazaryndan ylalaşygyň ýatyrylmagy bilen dawalaryň geçmişde galmagyna garaşmak mümkinmi?
Ýewgeniý Greçuhin: Meniň pikirimçe, mümkin. Emma bu ýerde ünsi çekýän mesele bar. Türkmenistanyň raýatlary bolup 2003-nji ýylyň 21-nji iýunyndan soň Orsýetiň raýatlygyny alan adamlaryň ykbaly ýene-de kesgitsiz görünýär. Sebäbi Türkmenistanyň häkimiýetleri şeýle adamlary goşa raýatlyga eýe bolan adamlar hökmünde ykrar etmän gelýär. Türkmen häkimiýetleriniň agzalan seneden soň Orsýetiň raýatlygyny alan türkmenistanlylara Türkmenistanyň täze görnüşli milli pasportlaryny berip başlandygy hakda mende maglumat ýok, bu barada asla hiç hili maglumat ýok.
Azatlyk Radiosy: Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 13-nji maýda çap eden resmi beýannamasynda türkmen tarapy Orsýetiň we Türkmenistanyň raýatlygyna kanuny ýol bilen eýe bolanlaryň iki ýurduň raýatlygyny-da saklamaga haklydygyny aýtdy diýip habar berilýär. Resmi maglumatyň şu ýerine siz nähili düşünýärsiňiz?
Ýewgeniý Greçuhin: Meniň pikirimçe, eger türkmen tarapy 2003-nji ýylyň 21-nji iýunyndan soň Orsýetiň raýatlygyna eýe bolanlara pasport bermeýän bolsa, diýmek ol bu adamlaryň goşa raýatlygyny ykrar etmeýär. Türkmen tarapy 2003-nji ýyldan öň goşa raýatlyga eýe bolanlaryň iki ýurduň raýatlarydygyny ykrar edýändigini resmi derejede mälim edipdi, emma agzalan seneden soň Orsýetiň raýatlygyny alan türkmenistanlylar iş ýüzünde pasportsyz galýarlar we ýurduň daşyna çykyp bilmeýärler.
Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaý Orsýetiň 2003-nji ýyldan soň Türkmenistanyň raýatlaryna pasport bermegini dowam etdirmeginiň bikanun hereket bolandygyny aňladýarmy?
Ýewgeniý Greçuhin: Meniň pikirimçe, Orsýet tarapynyň 2003-nji ýylyň iyun aýyndan soň Türkmenistanyň raýatlaryna orsýet pasportyny bermegi kanunçylyga ters bolmandy, sebäbi ylalaşygy ýatyrmak barada aprel aýynda şertnama gol goýlan hem bolsa, ol Türkmenistandan tapawutlylykda Orsýet tarapyndan tassyklanmandy. Emma bu ýerde başga bir sowal şu çaka çenli jogapsyz galýar 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak barada iki ýurduň prezidentleri Wladimir Putiniň we Saparmyrat Nyýazowyň arasynda şertnama gol çekildi. Saparmyrat Nyýazowyň permany bilen Türkmenistan ony güýje girizdi we öz raýatlaryndan diňe bir ýurduň raýatlygyny saýlamagy talap etdi. Orsýet bolsa ylalaşygy şu günki güne çenli ýatyrman saklady. Orsýet Federasiýasy, eger ylalaşygy ýatyrmak baradaky şertnamany 12 ýyllap tassyklamajak bolsa, onda oňa näme üçin öň gol çekdi diýen sowala şu günki güne çenli jogap bolmady.
Azatlyk Radiosy: Ýewgeniý, goşa raýatlyga eýe bolmagy sebäpli Türkmenistanda dürli kynçylyklara duçar bolýan adamlar, öz işine halkara kanunlary esasynda seredilmegini sorap, şikaýat bilen halkara suduna ýüz tutup bilýärmi?
Ýewgeniý Greçuhin: Goşa raýatlyk barada 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylan ylalaşygyň 7-nji maddasynda taraplar arasynda, ýagny Türkmenistanyň we Orsýetiň arasynda ylalaşyga çemeleşmek ugrunda ýüze çykýan dawaly meseleleriň diplomatik kanallar arkaly çözülmelidigi aýdylýar. Şundan ugur alynsa, hiç bir halkara ýa-da milli sud bu dawaly meselelere seretmäge hakly däl. Sebäbi ylalaşygyň özünde [bu ugurdan islendik jedelli meseleler] diplomatik kanallar arkaly çözülmeli diýlip öňünden kesgitlenen.