Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Goşa raýatlyk uzaldylmaz


Rus we türkmen pasportlary
Rus we türkmen pasportlary

Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda goşa raýatlyk meselelerini düzgünleşdirmek boýunça baglaşylan ylalaşyk, türkmen tarapynyň islegi sebäpli, nobatdaky bäş ýyl möhlete uzaldylmaz diýip, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Resmi beýanatda bildirilmegine görä, bu ylalaşygyň möhleti 2015-nji ýylyň 18-nji maýynda tamam bolýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň pikirine görä, «Türkmen tarapynyň bu ädimi kanunalaýyk, sebäbi ol ylalaşygyň şertlerine laýyk gelýär».

Türkmenistanyň raýatlary 2015-nji ýylyň 18-nji maýyndan soň Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny almakçy bolsalar, öz ýurtlarynyň raýatlygyndan çykandyklary barada dokument görkezmeli bolarlar. Emma ministrlik bu ýerde rus kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan ýagdaýlarda kadadan çykmalaryň hem bolup biljegini aýdýar.

Hususan-da Orsýetiň öňünde aýratyn hyzmat bitiren adamlar, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, şeýle-de gumanitar esaslary bolanlar, maýyplar, bosgunlar, işe ukypsyz adamlar ýeňillikden peýdalanyp bilerler diýip, habarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň raýaty görkezilen seneden soň rus raýatlygyny alsa, degişli halkara şertnamalary bolmadyk ýagdaýynda, oňa Russiýa Federasiýasynyň raýaty hökmünde serediler.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginde ýatlatmaklaryna görä, türkmen tarapy ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde rus we türkmen raýatlygyny görkezilen ylalaşyk boýunça kanuny ýagdaýda alan adamlaryň iki raýatlygyny hem saklamaga hakynyň bardygyny aýdypdyr.

Daşary işler ministrliginiň düşündirişinde görkezilmegine görä, graždanlaryň özara saparlary barada 1999-njy ýylyň 17-nji iýulynda baglaşylan ylalaşyk esasynda, rus we türkmen goşa raýatlygy bolan adamlar, iki pasportyny görkezip, serhetden wizasyz geçip bilmeli we bu düzgüniň saklanyp galjagy çaklanylýar.

Emma Türkmenistanyň raýatlary 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyndan soň daşary ýurda diňe täze görnüşdäki daşary ýurt pasporty bolan ýagdaýynda çykyp bilýär.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi bu ýagdaýyň goşa raýatlygy bolan adamlara alada döredýändigini, sebäbi olara täze pasport bermek meselesiniň çözülmändigini aýdýar.

Hususan-da bu ýagdaý Türkmenistanda rus-türkmen goşa raýatlygyny 2003-nji ýylyň 22-nji iýunyndan, goşa raýatlygy ykrar etmezlik barada kabul edilen içki düzgünlerden soň alan adamlary ynjalykdan gaçyrýar diýip, ITAR-TASS-yň bu baradaky habarynda aýdylýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginde ITAR-TASS habar gullugyna aýdylmagyna görä, Orsýet tarapy rus we türkmen raýatlarynyň goşa raýatlyk şertnamasynyň hereketiniň togtadylmagy bilen bagly ýüze çykjak meseleleri barada türkmen tarapy bilen konstruktiw dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýar.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk” 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylypdy. On ýyl çemesi wagtdan soň, ýagny 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada agzalýan Ylalaşygyň ýatyrylmagy barada protokola gol çekildi. Oňa Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin gol goýdular.

Türkmen Mejlisi bu ylalaşygyň protokolyny, sese goýup, resmi suratda tassyklasa-da, rus Dumasy ony tassyklamakdan boýun gaçyrypdy.

Gepiň gerdişine aýtsak, Türkmenistanyň 2008-nji ýylda kabul eden täze Konstitusiýasynda goşa raýatlyk inkär edilýär.

XS
SM
MD
LG