Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kunadze: Goşa raýatlyk syýasy bir meselä öwrüldi


Orsýetiň daşary işler ministriniň öňki orunbasary, Orsýetiň Adam hukuklary boýunça baş wekiliniň apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Georgiý Kunadze.
Orsýetiň daşary işler ministriniň öňki orunbasary, Orsýetiň Adam hukuklary boýunça baş wekiliniň apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Georgiý Kunadze.
Türkmenistanyň we Orsýetiň arasyndaky goşa raýatlyk meselesi ýurtlaryň arasynda dürli derejelerde geçirilýän maslahatlaryň gün tertibinde duran esasy meseleleriň biri. Habar berlişine görä, häzirki wagtda orsýet tarapy Türkmenistanyň 2003-nji ýyla çenli iki pasport edinen öz graždanlarynyň goşa raýatlygy saklap galmagyny ykrar etmegini gazanmak isleýär. Türkmenistan bu mesele boýunça resmi pozisiýasyny açyk mälim edenok. Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň iki pasportly raýatlary goşa raýatlygyň doly ýatyrylmagyndan howatyrlanýarlar.

Azatlyk Radiosy türkmen-ors goşa raýatlygy bilen baglylykda köpden bäri dowam edýän problemanyň düýp sebäpleri, ondan çykalga tapmagyň potensial ýollary bilen gyzyklanyp, goşa raýatlyk boýunça özara gepleşigi dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosynyň şu günki söhbetdeşi Orsýetiň daşary işler ministriniň öňki orunbasary, Orsýetiň Adam hukuklary boýunça baş wekiliniň apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Georgiý Kunadze.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Orsýet 2003-nji ýylda goşa raýatlyk ylalaşygyny ýatyrmak barada protokola gol çekenlerinde, orsýet jemgyýetçiliginde muňa negatiw reaksiýa bildirilipdi. Siz şol döwürde çykyş eden tankytçylaryň biri. Ondan bäri eýýäm 10 ýyl geçdi, emma goşa raýatlyk bilen bagly problemalar köpelmese, azalmady. Siziň pikiriňizçe, munuň sebäbi nämede?

Georgiý Kunadze: Meniň pikirimçe, mesele birnäçe sebäpden ybarat we çylşyrymly bolup galýar. Birinjiden, Orsýet we Türkmenistan goşa raýatlyk ylalaşygyna we onuň ýatyrylmagyna hersi özüçe garaýarlar. Orsýet Türkmenistanyň ylalaşykdan çykmak üçin göz öňünde tutulan düzgünleri talabalaýyk berjaý etmändigini aýdyp, ylalaşyga öz güýjüni saklaýan dokument hökmünde garaýar. Türkmenistan bolsa orsýet tarapy bilen gelnen ylalaşygyny ýeterlik diýip hasap edýär.

Meseläniň ikinji tarapyna seretsek, hiç bir ylalaşygyň tersin täsiriniň bolmaga haky ýok. Bu bolsa goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň ylalaşyk entek güýjünde bolan döwürde alan raýatlygyny saklap galmak hukugynyň halkara kanunlary tarapyndan kepil geçilýändigini aňladýar. Maňa mälim bolşuna görä, häzirki wagtda türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň hiç birisiniň goşa raýatlyga eýe bolmagyny islemeýärler.

Problemanyň kanuna degişli bölegi şundan ybarat, emma onuň syýasy tarapy hem bar. Meniňň pikirimçe, meseläniň çözülmän galmagynyň esasy sebäbi oňa çemeleşilende yzygiderlilik saklanmaýar.

Azatlyk Radiosy: Muny nämede görmek mümkin?

Georgiý Kunadze: Bir tarapdan, Orsýetiň daşary işler ministri goşa raýatlygy bolan adamlaryň bähbitlerine zyýan ýetirilmejegi barada türkmen tarapynyň wada berendigini aýdýar. Maňa mälim bolşuna görä, türkmen tarapy şeýle wadalary Orsýetiň prezidentine hem beripdir.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanda adamlaryň täze pasport alyp bilmän kösenýändikleri barada habar berilýär. Göräýmäge, olaryň pasport almak bilen bagly kynçylyklary Türkmenistanyň orta we kiçi derejelerdäki döwlet edaralarynyň we býurokratik düzgünleriniň döredýän päsgelçilikleri bilen bagly ýaly. Emma, hakykatda, bu päsgelçilikleriň syýasy derejede berilen wadalary ýerine ýetirmezlik ugrunda edilýän hereketler bilen baglydygy mese-mälimdir.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda Türkmen prezidenti her bir türkmenistanlynyň täze pasport bilen üpjün ediljekdigine köpçüligiň öňünde güwä geçdi. Bu kepilnama Türkmenistanyň meseläni çözmäge taýýardygyny aňlatmaýýarmy?

Georgiý Kunadze: Men başga bir döwletiň pozisiýasyna baha bermek islemeýärin. Mende muňa ygtyýar hem ýok. Emma häzirki ýagdaýa syn etsek, öz wagtynda bize goşa raýatlyk problemasy bilen baglylykda köp adam ýüz tutupdy. Soňky wagtda arz-şikaýat bolmady. Şonuň üçin edil häzir biz bu meseläni adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykda gozgap bilmeýäris. Umuman aýdylanda, bu problema syýasy bir meselä öwrüldi.

Azatlyk Radiosy: Georgiý Fridrihowiç siz bu goşa raýatlyk problemasyna orsýet resmileriniň çemeleşişine nähili baha berýärsiňiz?

Georgiý Kunadze: Orsýetiň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili bu mesele barada Orsýetiň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň dürli edaralaryna ençeme gezek ýüzlendi. Onuň bu mesele boýunça pozisiýasy hem orsýet resmileriniň pozisiýasyndan tapawutlanmaýar. Meniň pikirimçe, Orsýet Türkmenistan ýaly özboluşly ýurt bilen öz gatnaşyklarynda bar bolan ähli porblemalary nazara alyp hereket etmeli. Orsýetiň goşa raýatlyk meselesini çözmek ugrunda alyp barýan häzirki hereketleriniň näderejede netijelidigine baha bermek üçin 10-njy iýula çenli garaşmaly diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Goşa raýatlyga eýe bolan adamlar ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary bilen nirä ýüz tutmaly?

Georgiý Kunadze: Orsýetiň her bir raýaty öz hukuklaryny goramak üçin Orsýetiň döwlet organlaryna, şol sanda sud organlaryna ýüz tutup bilýärler. Mundan daşgary raýatlar adam hukuklary boýunça Ýewropanyň suduna hem ýüz tutmaga hakly.
XS
SM
MD
LG