Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaplylar närazylyk bildirdiler


Türkmenabat
Türkmenabat

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde häzirki wagtda hususy dermanhanalar ýapyklygyna galýar. Dermanhanalaryň aprel aýynda ýapylanda, munuň barlaglar bilen baglydygy aýdylypdy, emma anyk sebäbi resmi derejede düşündirilmändi.

Sebäp näme?

Adam hukuklaryny goraýan “Najot” guramasynyň maglumatynda Lebapda 40 çemesi hususy dermanhananyň işiniň wagtlaýyn togtadylandygy aýdylýar we munuň sebäbi şeýle düşündirilýär: “2015-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenabat şäheriniň merkezi keselhanasynda pes hilli dermany ulanmagyň netijesinde şäheriň ýaşaýjysy, 1968-nji ýylda doglan Meretdurdy ýogaldy. Onuň garyndaşlary welaýatyň kanun goraýjy edaralaryna ýüz tutup, jogapkärler babatynda berk çäreleriň görülmegini talap etdiler” diýip, guramanyň maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda bellenişine görä, Salgyt departamentiniň, prokuraturanyň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Sanitariýa-epidemiologiýa stansiýasynyň işgärlerinden düzülen ýörite komissiýa bazarlarda, dermanhanalarda we Türkmenabadyň saglygy saklaýyş edaralarynda barlag geçirende lisenziýasyz derman önümleriniň satylmagynyň birnäçe faktlarynyň üsti açylypdyr.

Türkmenabatda hususy dermanhanalaryň ýapylmagynyň yz ýany döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda derman gytçylygynyň döräp başlandygy, dermanlaryň bahasynyň hem ýokarlanandygy habar berilýär.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýerli ýaşaýjynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ilkinji zerurlykdaky dermanlar, şol sanda ýürek-damar kesellerinden, süýji keselinden ejir çekýänler üçin niýetlenýän dermanlar gytalypdyr. Käbir näsaglar Azatlyk Raidosyna döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda özlerine gerekli dermanlaryň käbiriniň hususy dermanhanalardakydan on esse gymmat düşýändigini gürrüň berdiler.

Protest çykyşlary

Hususy dermanhanalaryň ýapylmagynyň olaryň eýelerinde protest döredendigi habar berilýär.

“20-nji aprelde Türkmenabat şäheriniň häkimliginiň öňünde hususy dermanhanalaryň eýelerinden we olaryň garyndaşlaryndan ybarat 400 çemesi adam ýygnandy. Olar häkimlige barýan ýoly 3-4 sagadyň dowamynda böwetläp, gaçakçylykly ýol bilen ýurda getirilýän dermanlaryň söwdasyna gatnaşygy bolmadyk dermanhanalaryň işlemegine rugsat berilmegini talap etdiler. Bu ýere polisiýa çagyryldy we wakanyň öňi alyndy” diýip, “Najot” guramasynyň maglumatynda aýdylýar.

Aprel aýynda Lebapda ýene bir protest aksiýasynyň geçirilendigi barada habar berilýär. Käbir maglumatlara görä, 10-njy aprelde Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça Gazojak şäher bölüminiň öňünde 150-200 adamynyň, şol sanda “Ojakgazçykaryş” kärhanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda protest geçirilipdir.

Hususan-da, “Najot” guramasynyň maglumatynda protestçileriň “Türkmennebitgaz” kärhanasynyň iş orunlaryny çäklendirmek planlaryna garşy çäre görülmeginiň we höweslendiriji goşmaça aýlyklaryň tölenmeginiň dikeldilmeginiň talap edilendigi, bolmasa “Gazojak-Türkmenabat” arasyndaky asfalt ýoluň beklenjekdigini aýdandyklary barada habar berilýär. Maglumata görä, polisiýanyň gatnaşmagynda bu çykyşyň hem öňi alnypdyr.

Lebapda hususy dermanhanalaryň ýapylmagynyň sebäpleri we bolan protestler barada garaşsyz çeşmeleriň birnäçesinden gowşan maglumatlary resmi taýdan tassykladyp ýa-da inkär etdirip bolmady.

XS
SM
MD
LG