Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran we Aşgabat gaz söwdasyny artdyrmakçy


Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri H. Rohani (ç) we G.Berdymuhamedow (s) Aşgabat, 11-nji mart, 2015
Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri H. Rohani (ç) we G.Berdymuhamedow (s) Aşgabat, 11-nji mart, 2015

Eýran Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini atdyrmakçy bolýar. Bu barada çarşenbe güni Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Türkmenistana eden iki günlük saparynyň dowamynda Aşgabatda aýtdy diýip, eýran mediasy habar berdi.

Rohani Türkmenistan bilen nebit-gaz boýunça energiýa hyzmatdaşlygynyň “uly potensiala” eýedigini belläp, “Biz türkmen gazynyň Eýrana akdyrylmagyny artdyrmak barada ylalaşdyk” diýip, Türkmenistanyň prezidenti bilen gepleşikleriniň yzysüre mälim edipdir.

Rohani Türkmen telewideniýesinde görkezilen çykyşynda nebit-gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda “täze pikirleri öňe sürdük” diýdi.

Türkmen metbugaty 11-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hassan Rohani bilen geçiren ýokary derejeli gepleşiklerinde taraplaryň nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşandyklaryny habar berdi. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň gazyny Eýranyň üstünden beýleki ýurtlara akdyrmak meselesinde ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, türkmen gazynyň Eýrana eksportynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak meselesi boýunça pikir alşylypdyr.

Emma gaz söwdasynyň artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýan möçberi barada takyk maglumat berilmedi.

Häzirki wagtda Eýranyň türkmen gazyny ýylda 10 milliard kubometr möçberinde satyn alýandygy habar berilýär.

Söwda dolanyşygy

11-nji martda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň prezidenti Rohaniniň bu saparynyň gatnaşyklaryň hil taýdan ösmegine täsir ýetirjekdigini belledi.

G.Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, ýurtlaryň özara haryt dolanyşygy 2014-nji ýylda 3 milliard 700 million amerikan dollaryna barabar bolup, 2013-nji ýyla garanda 25% artypdyr.

Rohani “biz ykdysady we söwda dolanyşygymyzyň möçberini 60 milliard dollara çenli ösdürmek barada ylalaşdyk” diýip belledi.

Hyzmatdaşlyk ugurlary

Prezidentleriň bilelkdäki metbugat konferensiýasynda mälim edişlerine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar ýakynda işe girizilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň gatnaşyklaryň ösmegi üçin täze mümkinçilik döredýändigini belläp, ýurtlaryň arasynda halkara demirýol gatnawyny üç esse we garaýol gatnawlaryny iki esse artdyrmak barada ylalaşylypdyr.

Şeýle-de iki ýurduň baştutanlary Hazar deňziniň statusy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge öňe tarap ädim ätmäge taýýardyklaryny aýan edip, deňziň baýlyklaryndan peýdalanmak, nebit-gaz we gämiçilik boýunça, iki ýurduň arasyndaky portlary işjeňleşdirmek, ekologiýa ýaly meselelerde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny belläpdirler.

Türkmenistanyň we Eýranyň prezidentleriniň halkara we regional syýasat boýunça ýakyn pozisiýalaryny mälim edip, howpsuzlyk meselesini hem geňeşendikleri habar berildi.

Rohaniniň Türkmenistana saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, medeni, tebigaty goramak we terrorçylyga garşy göreş boýunça ylalaşyklaryň we meýilnamalaryň onlarçasyna gol çekildi.

XS
SM
MD
LG