Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türmede ýetmişden geçen adamlar bar"


Türmedäki adam
Türmedäki adam

Türkmenistanda 2006-njy ýylyň aýagynda öňki prezident S.Nyýazowyň aradan çykmagy we häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi bilen neşe maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy alnyp barylýan göreşiň has berkidilendigi aýdylýar.

Bu ýagdaýyň hususan-da öňki ýyllar uzak möhletli türmä basylyp, soň derrew prezidentiň amnistiýasyna düşürilýän neşe söwdagärleri, neşe gaçakçylary babatda indi başgaça çemeleşmäniň durmuşa geçirilip başlanmagyndan, ýurtda bikanun satylýan neşe maddalarynyň kesgitli azalmagyndan hem görünýändigi bellenilýär.

Şu göreşiň çäginde, prezident Beridmuhamedowyň neşe gaçakçylary babatdaky kanunçylygyň has berkidilmegi baradaky talaby netijesinde, golaýda kanun maddalaryna ýene bir düzediş girizildi we indiden eýläk bikanun neşe dolanyşygy jenaýatlarynda günäli tapylan adamlara amnistiýanyň ulanylmajakdygy aýdylýar.

Eýsem bu kanun düzedişi Türkmenistanyň häzirki türme şertleri bilen baglylykda durmuş hakykatyna, döwletiň ugur alýan ynsanperwerçilik ýörelgelerine näderejede laýyk gelýär?

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.

Ýazyjynyň pikirlerini diňläp, belki, bu söhbete siz hem goşularsyňyz. Pikirleriňize garaşýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:14 0:00

XS
SM
MD
LG