Fransiýanyň polisiýasy Parižiň demirgazyk-gündogaryny gabap, žurnala edilen heläkçilikli hüjümi amala aşyrmakda güman edilýänleriň gizlenip, azyndan bir adamy zamun alandygy çak edilýän ýerleri barlaýar.
Telewideniýede göni efirde görkezilen maglumatlarda polisiýanyň hüjümiň güman edilýän sebäpkärlerini Dammartin-en-Guele şäherçesinde gabandygy we häzirki wagtda gepleşikleri alyp barýandygy barada habar berildi.
Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili güman edilýän hüjümçiler doganlar Cherif we Said Kouachiniň senagat etrapçada polisiýanyň gabawynda saklanýandygynyň “doly derejede diýen ýaly ynamly” aýdyp boljakdygyny belledi.
Fransiýanyň içeri işler ministri Bernard Cazeneuve operasiýanyň güman edilýan hüjümçiler Cherif we Said Kouachini "ýaragsyzlandyrmak" ugrunda alnyp barylýandygyny mälim etdi.
Howpsuzlyk çäreleri
“Associated Press” agentligi operasiýanyň geçýän ýeriniň golaýynda ýerleşýän Charles de Gaulle aeroportunda uçarlar üçin niýetlenen iki ýoluň ýapylandygyny habar berdi.
“Air France” kompaniýasy pes beýiklikde uçýan dikuçarlar sebäpli özüniň iki sany uçarynyň uçuşyny yza tesdirip, aeroporta dolanmaga mejbur bolandygyny habar berdi.
Töwerekdäki mekdepler ýapyldy we raýatlardan öz öýlerinde galmak we çyralary söndürmek haýyş edildi.
Bu ýagdaý polisiýanyň Kouachi doganlary yzarlap ok atyşyň emele gelmeginiň yzýany başlandy. Munuň yzýanynda adam pidalary barada peýda bolan ilkinji maglumatlar ret edildi.
Güman edilýän hüjümçileriň elinde azyndan bir zamunyň, onuň hem zenan bolmagy çak edilýär.
7-nji ýanwarda Parižde “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyň jaýyna edilen hüjümde 12 adam heläk boldy. Bu waka Fransiýada ýarym asyryň dowamynda iň gandöküşikli hüjüm boldy.
Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin mümkin boldugyndan berk öňüni alyş çäreleri görmäge synanyşyk edilýändigini aýtdy.