Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 500 çemesi adamy jezalandyrýar


Pakistanyň içeri işler ministr Çaudhry Nisar Ali Han
Pakistanyň içeri işler ministr Çaudhry Nisar Ali Han

Pakistan, ozal terrorizm bilen baglylykda aýyplanyp iş kesilen 500 çemesi tussagy, geljekki hepdelerde jezalandyryp başlajakdygyny mälim etdi.

Bu beýannama bilen ýurduň içeri işler ministr Çaudhry Nisar Ali Han 21-nji dekabrda çykyş etdi.

Nisaryň žurnalistlere aýtmagyna görä, Içeri işler ministrligi tussaglara jeza berilmegini öňe sürüpdir we olaryň öz günäleriniň geçilmegini sorap eden ýüzlenmeleri prezident tarapyndan ret edilipdir.

Şeýle-de Nisar “Jezalandyryş indiki birnäçe hepdäniň dowamynda başlanmaly...” diýip belledi.

Mekdebe hüjüm

Nisar ölüm jezasyna wagtlaýyn gadagançylygy ýatyrmak baradaky karara 16-njy dekabrda Peşawarda söweşijileriň mekdebe eden ganly hüjüminden öň gelnendigini aýtdy.

Premýer-ministr Nawaz Şarif ýurtda ölüm jezasyna wagtlaýyn gadagançylygy ýatyrmak kararyny hüjümden bir gün geçensoň yglan etdi. Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Peşawar şäherinde mekdebe bolan hüjümde ýaragly hüjümçiler 132 çagany we mekdep işgärlerinden 9 adamy öldürdiler. Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Pakistan ölüm jezasyna wagtlaýyn gadagançylygy 2008-nji ýylda girizipdi. Onuň gadagançylygy ýatyrmak baradaky karary adam hukuklaryny goraýjy toparlar tarapyndan tankyt edildi.

Nýu Ýorkda ýerleşýän Human Rights Watсh guramasy Pakistana ýüzlenip, ölüm jezasyna höküm edilen tussaglary jezalandyrmagy bes etmäge çagyrdy.

Ölüm jezasy ýerine ýetirilýär

Pakistanda ölüm jezasyna wagtlaýyn gadagançylyk ýatyrylaly bäri alty adam jezalandyryldy. Olardan dördüsi 21-nji dekabrda berk goragdaky Faisalabad türmesinde jezalandyryldy. Bu tussaglara 2003-nji ýylda, şol wagtky prezident Perwez Muşaraffa garşy amala aşyrylan hüjüme gatnaşykda aýyplanyp, iş kesilipdi.

Penjabyň welaýat resmisi olaryň biriniň ors milletli Ahlakue Ahmed atly, şeýle-de Russi ady bilen tanalýan adamdygyny mälim etdi.

19-njy dekabrda bu türmede ýene iki adam jezalandyryldy.

Pakistanyň içeri işler ministri Nisar Islamabatda geçiren metbugat konferensiýasynda Peşawardaky mekdebe hüjüm edenleriň ählisiniň pakistanly bolandygyny belledi.

XS
SM
MD
LG