Owganystanyň demirgazygyndaky Türkmenistan bilen serhetdeş regionlaryň ýaşaýjylary Türkmenistanyň serhedi berkitmek bahanasy bilen öz territoriýalaryny alýandygyny aýdyp, Azatlyk Radiosynda öz nägileligini bildirdi. Bu wakadan soň, Garkyn etrabynyň ýaşulularynyň Owganystanyň wise-prezidenti bilen gepleşikleri geçirmek üçin Kabula çagyrylandygy habar berilýär.
Bu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady maglumat berýär. Maglumaty diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.