Türkmenistanyň “Altyn asyr“ telekanalynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň orta we kiçi derejeli wezipedäki iki işgäri bilen bilelikde ýene-de birnäçe adam soňky döwürde ýurtda dollaryň hümmetiniň ýokarlanmagy bilen bagly wakalar bilen ilteşigi bar diýlip, tussag edildiler.
Bu waka bilen bagly döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr“ telekanalynyň 13-nji noýabrda görkezilen “Watan" habarlar gepleşiginde jemi 13 adam görkezilýär, olardan bäşisi efirde öz-özlerini ýazgaryp çykyş edýärler, etdi diýilýän jenaýatlary boýun alyp, oňa ökünýändiklerini aýdýarlar.
Şeýle-de etdi diýilýän jenaýatlary bilen baglylykda, olardan käbiri “men bankdan dollar nagtlaşdyrmaga kömek etdim” diýse, beýlekileri Türkmenistandan uly möçberdäki dollarlary daşary ýurtlara äkitmäge synanyşan wagty ele salnandygyny aýdýalar.
Çykyş etdirilenleriň arasynda özüni Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň kassiri diýip tanadan Omar Annaýew, şol bankyň maliýe müdirliginiň başlygy wezipesini ýerine ýetirýärdim diýýän Gyzylgül Myradowa we ýurduň dürli şäherlerinde ýaşaýandyklaryny aýdan beýleki üç raýat bar.
“Altyn asyryň” habarlarynda görkezilen beýleki sekiz adam, olaryň atlary, wezipeleri, näme kär bilen meşgullanýandyklary we etdi diýilýän şol jenaýatlarda olaryň haýsynyň nähili rolunyň bolandygy hakda hiç hili jikme-jik maglumat berilmeýär.
Emma “Altyn asyrda”“ görkezilen habarda diktor olaryň ählisini esassyz ýagdaýda halk arasynda dowul döredip, bikanun ýollar bilen baýamagyň kül-külüne düşen adamlar hökmünde häsiýetlendirýär, hemem şeýle ýagdaýlar sebäpli alyş-çalyş edaralarynyň kadaly işlemegine täsir ýetirilendigini aýdýar.
Nämälimlik
13-nji noýabrda görkezilen şol habarlarda jenaýat edenlikde aýyplanýan şol adamlaryň sud edilip-edilmändigi, etdi diýilýän bikanun hereketleri boýunça olara iş kesilip-kesilmejegi, ýa-da olaryň ýurduň maliýe ulgamyna ýetiren zyýanynyň möçberi barada hiç hili jikme-jik maglumat berilmeýär.
Döwlet mediasynda görkezilen bu habarlary, agzalýan adamlara garşy ýönkelýän aýplamalary garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklatmak başartmady, şeýle-de jenaýat etdi diýlip görkezilen adamlaryň ýa olaryň maşgala agzalarynyň pikirleri bilen hem tanşyp bilmedik.
Bu habarlar, soňky döwürde Türkmenistanda dollaryň hümmetiniň ýokarlanyp, hökümet tarapyndan berk gözegçilikde saklanyp gelinýändigine garamazdan, manadyň hümmetiniň pese gaçyp, gaýtadan dollaryň garabazarynyň döremeginiň yzysüre orta çykdy. "Gara bazarlarda" dollaryň manada görä hümmeti 3 manada golaýlasa-da, resmi kurs häzir hem 2,86 derejesinde dur.
Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlardan çen tutulsa, soňky birnäçe günden bäri paýtagt Aşgabadyň käbir walýuta alyş-çalyş merkezleri ýapyk, şeýle-de adam başyna bir günüň dowamynda diňe 1,000 dollar satyn alyp bolýar we ol degişlilikde diňe şäherde propiskasy bolan adamlara satylýar.
Lebap welaýatynda-da dollaryň hümmeti pese gaçyp, welaýatyň paýtagty Türkmenabadyň dürli ýerlerinde dollaryň garabazarynyň dörändigi, welaýatyň etrap merkezlerindäki käbir banklarda bolsa dollaryň asla tapylmaýandygy aýdylýar.
Türkmenistanda dollaryň hümmetiniň ýokarlanmagy we manadyň hümmetiniň bolsa pese gaçmagynyň bolaýmagy mümkin beýleki takyk sebäpleri barada jikme-jik maglumat berilmeýär.
Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda dollaryň hümmetiniň ýokary galmagy baradaky bu ýagdaý, halkara derejesinde hem milli pullaryň dollar bilen deňeşdirilende pese gaçan pursatyna gabat gelýär.
Halkara trendiň, ýagny halkara akymyň Türkmenistanyň maliýe ulgamyna ýetirýän täsiri hakda doly maglumat ýok. Türkmenistan dürli hasabatlarda, şol sanda Transparancy International guramasynyň ýaýradýan ýyllyk hasabatynda ykdysady ulgamy ýapyk, halkara sistemasyndan üzňe, şeýle-de korrupsiýanyň derejesi boýunça iň korrumpirlenen ýurtlardan biri diýlip hasaplanýar.