Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Adamlaryň döwlet emläginde paýy bar'


Türkmen diasporasy, Moskwa
Türkmen diasporasy, Moskwa

“Orsýetli türkmenleriň we türkmenistanlylaryň kongresi” we “Rus-türkmen öýi” atly guramalar “Türkmenistanda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy” baradaky kanunyň güýje girmegi bilen bagly ýaýradan öz beýannamasynda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynda diňe häkimiýetiň däl-de, her bir raýatyň, şol sanda ýurduň daşyndakylaryň hem paýynyň bolmalydygyny belleýär.

“Türkmenistany terk eden we dürli ýurtlarda ornaşan müňlerçe adamlaryň Türkmenistanda hususylyşdyryljak döwlet emläginde öz paýy bar” diýip, Orsýetdäki türkmen guramalarynyň Türkmenistanyň prezidentiniň adyna ýazan açyk hatynda aýdylýar.

“Orsýetli türkmenleriň we türkmenistanlylaryň kongresi” atly Bütinorsýet guramasynyň we “Rus-türkmen öýi” atly guramanyň agzalarynyň gol çekmeginde ýaýradylan açyk hatynda 2014-nji ýylyň 1-nji iýulynda “Türkmenistanda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy” barada kanun güýje girdi. Ýörite komissiýa döredildi. Döwlet kärhanalary we obýektleri hususylaşdyrylar, döwlet olaryň söwdasyndan real pul serişdelerini alar diýip bellenilýär we “emma [bu meselede] döwlet öz zähmeti we tagallalary bilen halkyň baýlygyny döreden raýatlary ünsden düşürdi”, diýilýär.

“Kärhanalaryň bahasynyň nädip kesgitlenjegi kanunda anyklaşdyrylmaýar. Döwletiň senagat potensialynyň nyrhynyň kesgitlenmeginde kärhanalaryň bahasy kärhanalaryň balans bahasyna esaslanýar, bu bolsa döwlet emläginiň bazar nyrhyny göz öňünde tutmaýar” diýip, Orsýetdäki türkmen guramalarynyň beýannamasynda aýdylýar.

Beýannamada Türkmenistanda döwlet emläginiň tutuş halk we ençeme nesil tarapyndan döredilendigi bellenip, hususan-da, ýurdy terk eden we dürli ýurtlarda ornaşan müňlerçe adamyň Türkmenistanda hususylaşdyrylmaly edilen döwlet emläginde öz paýyna ýuridiki esaslaryň bardygy aýdylýar.

“Bu adamlar Türkmenistanyň tutuş ykdysadyýetiniň daýanýan mineral-çig mal bazasynyň döredilmegine öz goşandyny goşdular, döwlet häkimiýetiniň dürli ugurlarynda zähmet çekdiler we fabrik zawodlary, senagat infrastrukturasynyň döredilmegine we dolandyrmagyna gatnaşdylar” diýip, beýannamada bu aýdylýanlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň senagat obýektleriniň ençemesiniň atlary sanalyp geçilýär.

Orsýetde hereket edýän “Orsýetli türkmenleriň we türkmenistanlylaryň kongresi” we “Rus-türkmen öýi” atly türkmen guramalary prezidentiň adyna ýollan açyk hatynda Türkmenistanda raýatlar tarapyndan döredilen döwlet emläginiň diňe häkimiýetleriň elinde we garamagynda bolup, häkimiýetleriň “döwlet-halk emläginiň haýsy böleginiň ýurduň her bir raýatyna, her bir ýaşaýjysyna, şol sanda dürli sebäplere görä ýurdy terk edenlere degişlidigini hasaplamalydygyny aýdýarlar. Guramalar türkmenistanlylaryň paýynyň dürli görnüşde, şol sanda miras galdyryp bolýan aksiýa görnüşinde bolup biljegini öňe sürýärler.

2014-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda “Türkmenistanda döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy”, şeýle-de “Döwlet eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak barada” kanunlar güýje girdi.

XS
SM
MD
LG