Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hasabyna $42 milliardlyk iş edilýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamdow bilen, Aşgabat, 7-nji noýabr, 2014.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (s) türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamdow bilen, Aşgabat, 7-nji noýabr, 2014.

Anna güni Aşgabatda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamdowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýyl-ýyl giň gerime eýe bolýandygy, bu hyzmatdaşlyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigi aýdyldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylyşyndan mysal getirip, häzir Türkmenistanda 600-e golaý türk kompaniýasynyň we firmasynyň iş alyp barýandygyny aýtdy.

'Türkmen serişdesiniň hasabyna'

Türkmen lideri türk firmalarynyň «Türkmenistanyň serişdesiniň hasabyna ata watanda şunuň ýaly iri taslamalary ýokary hilli amala aşyryp, ýurduň esasy gurluşyk, energetika, ulag pudaklaryny, dokma we gaýtadan işleýän senagatyny we ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyny» belledi.

Şeýle-de ol bu iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň hil taýdan ösýändigini, möçber taýdan yzygiderli artýandygyny belläp, 2013-nji ýylyň netijeleri boýunça haryt dolanşygynyň möçberi 4 milliard 750 million amerikan dollaryna barabar boldy diýdi.

Erdoganyň 'aýratyn minnetdarlygy'

Türkmenistana bäşinji gezek sapar edýän türk lideri Rejep Taýyp Erdogan hem öz çykyşynda «türk firmalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän ýa boýun alan taslamalarynyň bahasynyň 42 milliard dollardan geçendigini» aýdyp, munuň üçin prezident Berdimuhamedowa özüniň aýratyn minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň işewürleriniň Türkiýedäki maýa goýumlara gyzyklanma görkezjegine ynanýarys diýdi. Emma gepleşikleriň dowamynda türkmen firmalarynyň Türkiýede nähili taslamalary amala aşyrýandygy barada maglumat berilmedi.

Erdogan öz ýurdunyň azeri we türkmen tebigy gazynyň Ýewropa akdyrylmagy meselesinde hem möhüm rol oýnaýandygyny nygtady. Onuň pikiriçe, türkmen gazyny Ýewropa aşyrmagy ýola goýmak işine TANAP gazgeçiriji proekti esasynda başlanyldy we bu iş ýokary depginde alnyp barylýar.

Gepleşikleriň ahyrynda türkmen döwlet konserni «Türkmengaz» bilen Türkiýäniň «Atagaz» kompaniýasynyň arasynda tebigy gaz söwdasy boýunça çarçuwalaýyn ylalyşyga gol çekildi.

Mundan başga, taraplar söwda-ykdysady, bilim, bedenterbiýe we sport, transport pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak barada ylalaşyga geldiler, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2015-2016-nji ýyllarda edilmeli hyzmatdaşlyk programmasyna gol çekdiler.

Hakyny alyp bilmedik firmalar

Ýöne gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanda işläp, soňra eden işleriniň puluny alyp bilmeýändigini aýdan türk firmalary barada mesele gozgalandygy barada maglumat berilmeýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda işlän türk gurluşyk firmalarynyň bir topary türkmen hökümetiniň özlerine 1 milliard dollar çemesindäki iş haklaryny, ýagny edilen işiň puluny tölemeýändigini aýdyp, halkara arbitraž suduna ýüz tutupdy.

Şonuň bilen birlikde, türk iş adamlarynyň käbiri Türkmenistanda işlän türk gurluşyk firmalarynyň 40-dan gowragyna bikanun çemeleşilendigi barada günbatar metbugatynda çykyş edipdi.

Türkmen migrantlarynyň meseleleri

Azatlyk radiosyna Türkiýede işleýän türkmen migrantlaryndan gowuşýan maglumatlara görä, türkmen migrantlary özleriniň Türkiýede işlemek we Türkmenistana erkin gidip-gelmek zerurlyklarynyň emeli päsgelçiliklerden saplanmagyny isleýärler.

Emma Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde bu meseläniň nähilem bolsa bir ýagdaýda gozgalandygy barada maglumat alyp bilmedik.

XS
SM
MD
LG