Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adnan: "Malymy-emlägimi alyp, Türkmenistandan çykardylar"


Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri.
Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleri.
Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşyk wakasyndan bäri 11 ýyl geçdi. Emma bu waka we onuň yzy bilen başlanan basyşlaryň ýarasy henizem täze bolan adamlar bar.

Olardan birem, özüni Adnan diýip tanadan türkiýeli işewür. Ol boldy diýilýän şol wakadan soň, öz aýdyşyna görä, mal mülki elinden alnyp Türkmenistandan çykarylan daşary ýurtlylardan biri. Türkiýedäki habarçymyz Döwlet Baýhan onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Adnan aga, siz "25-nji noýabr hadysasyndan soň Türkmenistanda biznes bilen meşgullanyp ýören ýerimde wizamy ýatyranlary üçin ýurtdan çykmaly boldum" diýýärsiňiz. Munuň sebäbi näme ýa siziň şol wakalara bir dahylyňyz boldumy? Sizi näme sebäpden aýdyşyňyz ýaly Türkmenistany terk etmäge mejbur etdiler?

Adnan: Munuň jogabyna gowy düşünmäňiz üçin owal başdan geçirenlerimi gürrüň bermegim gerek. Men Türkmenistanda 1995-nji we 2002-nji ýyllaryň arasynda boldum. 2002-nji ýylyň ahyryna golaý hem Türkiýä gaýtmaly etdiler. Meniň özüm milletim türk we türkiýeli türkmenlerden.

Şonuň üçin türkmen doganlarymyzyň ýurdy diýip, Türkmenistana biznes we söwda işi bilen meşgullanaly, olara bir peýdamyz degsin diýip gidipdik. Türkmenistanda halk üçin işleýän gaty köp zähmetsöýer we lebzi halal adamlaryň bardygyny gördük.

Ýöne gynansagam Türkmenistanda orsuň tarapdarlarynyň häkimýetde agalyk düzgünini dowam etdirýändiklerine şaýat bolduk. Bize Türkmenistanda biznes etjek bolanymyzda her hili kynçylyk çykartdylar.

Meselem, Türkmenistanda Amyderýanyň aňyrsynda Gowurdak diýen ýere gidenimde halkyň çekýän gözgyny kynçylyklaryny görüp olara gaty nebsim agyrdy. Ol ýeriň halkyna haly-kilim dokatdyrmak üçin bir dokama fabrik gurmak isledim. Dokama fabrigi gurup, soň alty ýüz sany adama iş berdim.

Owal bizi dabara bilen garşy alyp, Türkmenistana maýa goýmagymyzy islän merkezi hökümet, maýa goýumlary merkezden uzak Gowurdak ýaly şeýle ýerlere goýup başlanymyzy görenden soň, bize wize kynçylygyny döredip başladylar.

Has dogrusy men Türkmenistanyň içinde Aşgabatdan Çärjewe gitmek üçin wiza almaly boldum. Ol ýerde halkyň hiç hili gatnaw mümkünçiligi ýokdy. Adamlaryň iýmäge çörek-nany ýokdy. Halkyň un ýüklenen ulaglary duruzyp, ondan un alýandyklaryny gördüm.

Türkmenistanda merkezden gaty uzakda şeýle kyn durmuşda ýaşaýanlara kömek edýändigimi hökümet halamady. Ynha ýeke-täk sebäp şundan ybarat. Ýöne ol ýerde suw bardy. Elbetde şeýle agyr durmuş şertleri Türkmenistanda Nyýazow hökümetini islemeýän köpçüligi döretdi.

Biz Türkmenistanda işläp ýören mahalymyz şeýle sebäpden Nyýazowa garşy taýýarlyk görýän adamlara hem duş geýärdik. Ýöne muňa garamazdan, Nyýazowuň janyna kast edilmek islendi diýilýän gürrüňe men ynanmaýan.

Çünki, meniň töweregimdäki adamlara çenli 25-nji noýabr hadysasy sebäpli basdylar. Meniň hem wizamy ýatyryp, Türkmenistany terk etmegimi islediler. Duýdansyzlykda meniň ähli zadymy döwletiň hasabyna geçirip, wizamy hem ýatyryp, gyssagly ýurtdan çykmaly etdiler.

Eger owaldan wizam we gerekli rugsatlarym bolmadyk bolsa meni hem Türkmenistanda basyp bilerdiler. Men öz şahsy goşlarymy hem alyp bilmän gyssagly Türkmenistany terk etmeli boldum.

Azatlyk Radiosy: Siziň hemme zadyňyzy alyp, Türkmenistany terk etmegiňiz talap edilende bir düşündiriş bermedilermi?

Adnan: Men barada diňe "Oňuzşyksyz" diýen bir söz ýazylypdyr. Oňuşykly bolmak üçin men öňümden çykan adama para bermelidim. Men Türkmenistanda hiç kime para bermek islemedim we parahorluga garşy çykdym. Ynha şonuň üçinem Türkmenistandan çykaryldym.

Hökümetiň adamlary şeýle hereket edýärdi. Ýagny baýap ugran adamlary yzarlap başlaýardylar. Meselem, Garrygalaly bir oglany tanaýadym. Ýaňky oglan daşary ýurtdan maşyn getirip satmaga başlady we biraz baýady.

Onsoň derrew onuň inisini basyp: "Ýüz elli müň dollar bermeseň seniň iniň zyndandan çykmaz" diýdiler. Şonda ýaňky oglan baryny-ýoguny berip inisini tussaglykdan çykardy. Men oňa: "Para berme. Iniň bir salym ýatanda näme tussaglykda. Soň bigünädigi äşgär bolar we boşadylar" diýsem, maňa: "Gardaş biziň tussaghanalarymyz siziňkiler ýaly däl. Biziň türmelerimizde bir adam bir ýyl ýatsa, keselden soň gutulyp bilmez" diýip, zeýrendi.

Türkmenistanda pully bolsaňam ýaşamak gaty kyn. Resmiler derrew eýdip-beýdip, bir bahana tapyp puluňy eliňden alýarlar ýaňky ýaly görnüşde. Netijede, režimiň gullukçylary wezipelerini ulanyp parahorlukdan baýap gidip otyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň töweregiňizdäki adamlaryň 25-nji noýabr hadysasy bilen bir ilteşigi barmydy olar basyldy diýdiňiz welin?

Adnan: Olar diňe meniň ýanymda işleýän adamlardy we boldy diýilýän hadysa bilen hiç hili arabaglanşygy ýokdy. Hökümetdäkilere garşy çykyp biläýjek adamlary ýygnamaklyk üçin bir bahana gerekdi.

Nyýazowuň janyna kast etmäge synanşyldy diýen bolup, aslynda halka öňbaşçylyk edip biljek adamlaryň hemmesini ýygnap, zyndana goýdular. Käbir tanaýan türkmenistanly şeýle tanyşlarym häzir Ýewropada ýaşap ýörler.

25-nji noýabr hadysasy sebäpli döredilen howp we gysyş netijesinde gynansagam Türkmenistanyň geljegine peýdaly boljak adamlaryň gutulany ýurdy terk etmeli boldy. Sanlyja adamyň jübüsine pul girer ýaly edip, orslaryň guran düzgünine hyzmat etmekligiň Türkmenistana we türkmen halkyna bir peýdasy ýok.

Türkmenistan diýlende hemmesini jemleseň bary bäş million halk bar. Türkmenistanda halky alada edýän bir ýolbaşçy bolsa, şonda hemmelerň ýagdaýy gül ýaly bolar. Türkmenistanyň halky işlemese-de bolar şonça baýlygyn içinde.

25-nji noýabr hadysasyndan soň iki-üç adam bolup bir ýerde durup, gürrüň dagy edäýseň derrew polis ýanyňa gelip duýduryş berýärdi. Aşgabatda başymdan geçiren bir ýagdaýymy size gürrüň bermek isleýän.

Aşgabadyň merkezinde birža bar. Biržadaky pagta bahalaryny öwrenmek üçin üç adam bolup durup, synlap başladyk. Duran ýerimizde hem özara söhbetdeşlik edýäris. Soň birden bir polisýa geldi we "Näme edýäňiz bärde?" diýip sorady. "Gepleşýäs" diýsek, ol "Üç adam bolup özara gepleşmek gadagan. Bolmaýa" diýdi. Bir ýerde üç adamyň özara söhbetdeşliginden şüphelenip, ondan gorkup, ony gadagan edip, şeýle edýän hereketini mamla görkezip biljek dünýäde başga bir ýurt mysal görkezip bilersiňizmi maňa?

Azatlyk Radiosy: Şu gürrüň berýän ýagdaýlaryňyz Türkmenistandaky we Türkiýedäki türkleriň arasynda bilinýärmi? Türkler, Türkmenistandaky şeýle ýagdaýa nähili çemeleşýär?

Adnan: Türkmenistandaky şeýle ýagdaýlary ol ýerde gurluşyk işi edýän türk firmalary gaty gowy bilýär. Emma, bulary aýdyp bilmeýär. Sebäbi kim-de kim hökümete garşy gürlese ol duşman kabul edilýär.

Belki siziň bilen şeýle söhbetdeşlik geçirendigim üçin maňa gaýdyp ömrümde Türkmenistana wiza berilmez ýaly ederler. Türkmenistanda demokratiýadan nam-nyşan ýok. Sesini çykarman halatynda hem türk gurluşyk firmalary biynjalyk edilen mahaly para berip başyndan sowýarlar.

Parahorluk ýetjek derejesine ýetipdir. Ýönekeýje bir iş etjek bolsaňam para bermeseň işiňi edip bileňok. Ondan başga Türkmenistanda ýene bir geň ýagdaý bar. Türkmenistanda Aşgabadyň merkezinden oturanlar başga ýerlerden gelenlere iş etdirenoklar.

Türkmenistanda gaty güýçli tireparazlyk hem bar. Belli bir tiräniň adamy bolmasaň saňa iş hem etdirenoklar. Meniň pikirime görä, Türkmenistan bilen häzirki Siriýanyň arasynda kän tapawut ýok.

Türkmenistanda halkyň ýüzden on bäş bölegi galan ýüzden segsen bäş bölegine agalyk edýär. Türkmenistanda hem edil Siriýadaky ýaly bir gün ýagdaý bulaşar. Bizi gaýgy etdirýän ýekeje zat, olam türkmeniň ganynyň dökülmegi.

Türkmenistanda halk birden Siriýadaky ýaly gany gyzyp, aýaga galyp, bir türkmeniň gany döküläýse, bizi gaty gynandyrar. Halk köpçüliginiň gaty nägile ýerinde şeýle ýagdaýyň bolmagy gaty mümkündir. Haçan bolaýsa bolmaly.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan barada berýän maglumatlaryňyzda has köp raýatlaryň azatlyklaryna üns çekýärsiňiz. Eýsem, bu temada sizi gaty geň galdyran we ýatdan çykmajak bir waka şaýat bolduňyzmy? Eger şeýle bir waka bolan bolsa, şony hem dünýä türkmenleri bilen paýlaşaýsaňyz?

Adnan: 25-nji noýabr hadysasyndan has owal bir gezek Türkmenistanyň gümrüginden Türkiýeden ýanym bilen getiren kopýa enjamyny geçirmek isledim welin bolmady. Sebäbini soranymda maňa şeýle jogap berdiler: "Bu kopýa enjamy bilen Nyýazowa garşy maglumatlar kopýa bilen köpeldilip, halka paýlanyp bilner. Halky gozgalaňa taýýarlap, hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçinem ýurda girmegi gadagan!". Ynha şeýle sebäpden hiç kim şol döwürde Türkmenistana kopýa enjamyny getirip bilenokdy.

Muny şol döwürde Türkmenistanda işlän hemmeler bilýändir. Bu nämäni aňladýar?! 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Nyýazowyň janyna kast edilmek islendi diýilýän gepiň ýalandygyny aňladýar.

Şeýle ýalan bilen türkmenleriň halka öňbaşçy bolup biljek saýlama, ösen düşünjeli, akylly adamaryny ýygnap zyndanlara saldylar. Gaçybilenler hem daşary ýurtlara gaçdylar. Şeýlelik-de Türkmenistandan aň-düşünjeli adamlar göçdi. Türkmenistanda halk diňe kolhoz hem sowhozlardaky daýhan adamlardan ybarat bolup, intilgensiýasyz galdy.

Netijede 25-nji noýabr hadysasy bahana edilip, Türkmenistanda halka öňbaşçy bolup biläýjek adamlardan doly dynylmak göz öňünde tutuldy. Ahyrynda näme boldy? Türkmenistanda iň bärkisi oturdylan agaçlary suwarmaga-da özünden adam tapyp bilmän, türklerden hakyna tutup işledýän ýagdaýa düşdi.

Gaty köp adam Türkmenistandan göçüp gitdi. Ýurtdan göçüp-giden türkmen aýal-gyzlarynyň sany-sajagy ýok. Türkmenistandan daşaryk çykan, gaýdyp yzyna barasy gelenok. Bir gezek Aşgabatdan Türkiýä gaýtjak bolup durkak 3-4 sany türkmen aýalyň daşary ýurda çykmagyna rugsat bermediler.

Menem gyzyklanyp, ýanlaryna baryp, o taýdaky bir işgäre "Näme Türkmenistanda islän adam daşary ýurda gidip bilenokmy?" diýip sorasam, olam: "Gardaş, daşary ýurda gidýän yzyna gaýdyp gelenok. Eger biz şeýdip adamlary saklamasak, owalam gaty az bolan halkymyzda adam hiç galmaz" diýip, şeýle jogap berdi.
XS
SM
MD
LG