Türkmenistanyň gündogarynda ýerleşýän Lebap welaýatynda Adalat atly bir gelin “Garaşsyzlyk” diýen bir ýerde ýaşaýar.
Eýýämden juda wada beriji äheňde ýaňlansa-da, bu gelniň gussaly hekaýasy barha ýaramazlaşmak bilen.
Garaşsyzlyk diýen ýerdäki bolup geçýänleri beýan edip başlamazdan ozal, Türkmenistan babatynda Adalatyň ykbalyna dahyly bolan bilmeli käbir möhüm zatlar bar.
Abraýly halkara çeşmeleriniň güwä geçmegine görä, Türkmenistanda dünýäniň iň uly dördünji gaz ýataklary ýerleşýär. Türkmenistan häzir ýylda 40 milliard kubometr (mkm) töweregi tebigy gazy eksport edip, bu görkezijini öňümizdäki 10 ýylyň içinde 70 mkm-e çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar. Türkmenistan gazyny, adaty dünýä bahasyndan pes nyrhdan, Hytaýa we Eýrana akdyrýar. Bu iki ýurda akdyrylýan ýyllyk 30 mkm türkmen gazy ýurda ýylda azyndan $10 milliard çemesi girdeji getirýär. Eger-de Russiýa goýberilýän (Hytaýa we Eýrana görä has ýokary nyrhdan satylýan) gazy hem hasaba alsak, onda Türkmenistana gazdan her ýyl $15 milliard töweregi pul gelýär.
Türkmenistanyň 5.5 milliona ýakyn ilaty bar. Şunlukda gazdan gelýän girdejiden her adam başyna $3,000 golaý düşmeli. Türkmenistanda ortaça aýlyk derejesi $100-den aşakda.
Indi bolsa habary gaýtadan Garaşsyzlykdan alalyň.
4 aýlyk çaganyň ejesi Adalat Hemdemowa Garaşsyzlyk şäherçesinde ýaşaýar.
Adalat öz çagasy bilen köçede, has dogrusy bir öýüň howlusynda ýatyp-turýar.
Adalat özüniň we ýoldaşynyň işsizdigini aýdýar. Adalatyň Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren wideointerwýusynda onuň äri kameranyň öňünde görünmedi.
Gije-gündizini gök asmanyň aşagynda geçirmezden ozal nirede ýaşandygy baradaky sowala jogap hökmünde Adalat gabat garşysyndaky gapa barmagyny çommaltdy. Ol ozallar bu ýerde, öz gaýynenesi bilen bilelikde ýaşandygyny aýdýar. “Gaýynenem indi bu ýere [meniň öňümde] gulp asdy” diýip, Adalat ýagdaýyny gürrüň berýär.
Bu ýerde bir maşgala dawasynyň bardygy “köre hasa” bolsa-da, Azatlyk Radiosy Adalatyň köçä näme sebäpden düşendigi bilen içgin gyzyklanman, eýse ýerli edaralaryň bu ýagdaýa göz ýummagyna has köp üns berdi.
Wideosöhbetiň bir ýerinde Adalatyň ejesi hem goşulýar. Ol özüniň bir otagly otagda, öz doganynyň ýanynda ýaşaýandygyny, ýeriň gaty azlyk edýändigi sebäpli gyzyny ýanyna alyp bilmeýändigini aýdýar.
Adalat we onuň ejesi hemaýat sorap ýerli häkimlige “azyndan 10-15 gezek” barandyklaryny aýdýarlar. Ýerli resmileriň edarasyna edilýän bu “zyýaratlaryň” birinde Adalatyň ejesi jogapkär resmilere “ýüregini paralap”, agyr ýagdaýlaryny düşündirmäge synanyşandygyny aýdýar.
Adalatyň ejesi şondan soňky bolan wakany şeýle ýatlaýar: “Olar bizi çykaryp, kowup goýberdiler. ‘Bar, nirede ýaşasaň, şol ýerde ýaşa’ diýdiler”.
Wideoda Adalatyň ejesiniň öz gyzyna we agtygyna nähilidir bir hemaýat bermekden ejiz gelýändiginiň ahmyryny çekýändigini görmek bolýar. Ol ozal ýerli jogapkär resmilerden özi üçin hem ýaşara ýer sorandygyny, emma bu haýyşynyň hem ýer kertmändigini sözüniň üstüne goşýar.
Adalatyň bar hekaýasy wideoda görkezilse-de, käbir maglumatlar entek hem dolulygyna aýan däl. Şol sebäpden, maglumat boşlugyny doldurmak üçin, Azatlyk Radiosy resmileriň “ýeňse damaryny gataltjak” soraglar bilen degişli resmilere ýüzlendi.
Ýerli etrap häkimliginde Adalaty tanaýandyklaryny we onuň ýagaýyndan habarlydyklaryny aýtdylar. Emma Azatlyk Radiosynyň söhbet bolan ýerli resmisi wideodaky maglumatlaryň “ýalandygyny” öňe sürdi.
Azatlyk Radiosy has doly düşündiriş üçin ikinji sapar habarlaşanda, bu gezek degişli resmi, jogap bermezden, telefony goýmak bilen çäklendi.
Azatlyk Radiosy Adalatyň meselesini halk köpçüligine çykarandan soň, ýerli wekiller Adalat we Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen habarlaşyp, Adalata we onuň çagasyna kömegiň ediljekdigini wada berdiler.
Häzirlikçe resmileriň beren sözünde tapylmagy üçin nähilidir bir hereket göze ilmeýär.
Men makalamyň başynda hem nygtadym, Türkmenistan her ýylda diňe gazyň özünden 15 milliard dollar çemesi girdeji alýar. Öňümizdäki ýyllarda eksport edilýän türkmen gazyny has-da artyrmak hem planlaşdyrylýar.
Bu pullaryň juda az böleginiň halkyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin goýberilýändigi hiç kim üçin syr bolmasa gerek.
Şol bir wagtda-da türkmen hökümetiniň Adalat ýaly bir naçara kömek etmekden ejiz gelýäne ýa-da bu ugurda “barmagyny gymyldatmak” hem islemeýäne çalym edýär.
Men gazdan gelýän pullaryň nirä sowrulýandygy barada sahypalap maglumat berip biljek, emma ýekeje bir mysal hökmünde ýakynda Awazada geçirilen Windsurfing boýunça halkara ýaryşyny ýatlaýalyň. Bu ýerde esasy maksat Türkmenistanda pullaryň nähili we nirä sarp edilýändigini görkezmek.
Adalatyň düşen güni bolsa döwlet gaznasynyň bihasap sowrulmagynyň getirýän ýaramaz netijeleriniň aýdyň mysaly.
***
Şol bir wagtda-da Adalatyň ykbaly Azatlyk Radiosynyň diňleýjileriniň we okyjylarynyň duşundan biparh geçmedi.