"Ruhnama" kitabynyň mekdepleriň okuw programmasyndan çykarylanyna sähelçe wagt boldy. Emma Aşgabadyň 48-nji we 55-nji mekdepleri barada aýdylanda, onuň ornuny eýýäm häzirki prezidentiň ýazandygy aýdylýan “Döwlet guşy” romany eýeläp başlady.
Agzalýan mekdeplerdäki çeşmelerden alnan maglumatlara görä, okuw programmasyna girizilen bu kitap okuwçylaryň hasabyna satyn alynýar. Onuň bahasy bolsa 48 manat. Prezidentiň çagalyk döwürlerindäki ýatlamalaryny öz içine alýan bu kitap 4-nji klasdan başlap okadylýar.
Agzalýan mekdepleriň biriniň özüni Aýjahan diýip tanadan mugallymy, häzirlikçe her klasa diňe bir kitabyň satyn alynýandygyny we romandan käbir bölekleriňdir goşgularyň göçürilip alnyp, okuwçylara berilýändigini aýtdy.
Bu kitap we prezidentiň ýazandygy aýdylýan ýa-da ol hakda ýazylan käbir beýleki kitaplar häzirki wagtda edebiýat derslerinde okadylýar. Orta mekdeplerde 5-nji klasda edebiýat sapagy hepdede üç gezek geçilýär.
Prezidentiň şahsyýet kulty
Bu soňky döwürlerde mekdeplerde prezidentiň şahsyýet kultuny ornaşdyrmak bilen bagly dowam edýän aladalardan diňe biri. Ýaňy-ýakynda prezidentiň öňki portretleri täzeleri bilen çalyşyldy. Onuň çykdajysy hem okuwçylaryň gerdenine atyldy.
Şeýle çykdajyly aladalar diňe agzalýan mekdeplere mahsus ýagdaý bolman, Aşgabadyň käbir beýleki mekdeplerinde hem şoňa meňzeş ýagdaýlaryň dowam edýändigi we bu ugurdan ilatyň nägileliginiň artýandygy barada maglumatlar gelip gowuşýar.
Azatlyk Radiosynyň “Azathabar.com” sahypasynda Genralitet lakamy bilen teswir galdyran okyjy beýleki bir mekdebiň ýagdaýyna ünsi çekip, bu mesele barada şeýle ýazýar: “Aşgabat säherindäki 8-nji mekdebiň okuwcylarynda pul galmady, haýyş şuny saýdyňyza goýaýyňda, mugallymlar ýol kreý pullarynam okuwçylardan alýarlar, portretlerem çalyşmaga okuwçylardan 5 manatdan pul ýygnaýarlar, pul tölemeseňem, mekdepden kowjak diýýärler”.
Okuwçylardan pul ýygnamak
Elbetde, teswirde ady agzalýan mekdep bilen bagly öňe sürlen pikirleri tassyklamak başartmady. Ýöne prezidentiň täze portretini satyn almak üçin okuwçylardan pul ýygnalandygy baradaky maglumatlar paýtagtyň orta mekdepleriniň beýlekilerindenem gelip gowuşýar.
“Mekdebe zerur bolan zatlar, portretlerdir, syýasy-ideologik kitaplar, köpçülikleýin çäreler üçin hem mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan pul ýygnamaklyk adata öwrüldi. Pul ýygnamak meselesi her bir ene-ata ýygnagynda gozgalýar” diýip, iki ogly mekdebe gidýän paýtagtly Gülsenem aýdýar.
Klas tagtasynda hat ýazmak üçin zerur bolan hek satyn almak, ýuwujy serişdeler ýaly zatlar üçin hem okuwçylardan pul ýygnalýandygyny we köpçülikleýin çärelerde götermek üçin şarlarydyr lentalary satyn almak, mekdebiň remonty üçin sarp edilýän çykdajylary ödemek üçin hem okuwçylardan pul toplanýar diýip, Gülsenem gürrüň berýär.
Okuwçylardan ýygnalýan puluň hataryna, prezidentiň sowgady diýlip 1-nji klas okuwçylaryna berilýän netbuklary, ýagny göterme kompýuterleri saklamak maksady bilen gurlan seýfler we şol netbuklaryň kömegi bilen işlenýän meseleleri ekranda görkezmek üçin satyn alynýan uly ekranlar hem ene-atalaryň pulundan satyn alynýar.
Gurby çatmaýan maşgalalar
Elbetde, bu ähli çykdajylary jemläp aýdanyňda, ony tölemäge gurby çatmaýan maşgalalaryň bardygyny hem aýtmaly. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan we çagasy 48-nji mekdebe gatnaýan aşgabatly Gülaýym şeýle raýatlardan biri.
“Men öň pul berýärdim. Ýöne bir gezek kondisioner üçin pul bermänimden soň öň bäşlige okaýan gyzymyň bahalary birden peseldi. Onuň mugallymy her gün diýen ýaly ony klasyň öňünde ertir pul getir diýip, masgaralaýan eken. Şeýtmek bilen çaganyň okuwa bolan höwesi gaçan bolmaly” diýip, Gülaýym gürrüň berýär.
Ýurduň resmi metbugatynda mekdepleriň ähli zerur bolan zatlar bilen doly üpjün edilendigi barada ýzygiderli raportlar berilýär. Emma ýokarda aýdylýan zatlary satyn almak üçin ene-atalardan pul ýygnamak düzgüni hem indi ýylyň-ýylyna dowam edýär.