Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi aziýaly söweşijiler YD kasam etdiler


Wideodan alnan şekil
Wideodan alnan şekil

Esasan özbeklerden düzülen “Katibat al-Imam Bukhari” toparynyň merkezi aziýaly söweşijileri “Yslam döwletine” we onuň lideri Abu Bakr al-Bagdada wepaly boljagyny wada berdiler.

“Yslam döwletiniň” sosial ulgamlardaky sahypalarynda 30-njy oktýabrda çap bolan we agzalan toparyň Bagdada wepaly bolmagy wada berýändigini görkezýän wideoda toparyň söweşijileriniň bir böleginiň “Yslam döwletine” goşulandygy habar berildi, emma beýleki bölegi barada aýdylmady.

“Hatarymyza goşulyň” diýlip atlandyrylan we surata düşürilen wagty 29-njy oktýabr diýlip görkezilen bu wideoda Abu Hafs al-Uzbeki we Abu Sa'ad al-Uzbeki atly iki özbegiň eden çykyşy görkezildi.

Gelip çykyşy

Söweşijiler özleriniň gadymy arapça atlandyrylyşy ýaly “Oksus derýasy” bilen Syrderýanyň arasyndaky ýerleri aňladýan "Mawarannahr topragy" ýa-da "Transoksiana" diýen ýerlerden gelip çykandygyny aýtdylar. Bu häzirki döwürde Özbegistanyň, Täjigistanyň, günorta-günbatar Gazagystanyň we günorta Gyrgyzystanyň ýerleşýän ýerlerine gabat gelýär. Bu wideonyň haçan surata düşürilendigi entek belli däl.

“Katibat al-Imam Bukhari” Siriýanyň Aleppo (Halap) welaýatynda “Al-Kaýda” bilen bagly Siriýanyň “Jabhat al-Nusra” topary we çeçenleriň ýolbaşçylygyndaky Seyfullakh Şişaniniň “Jamaat” we Demirgazyk Kawkazdaky “Kawkaz emirligi” atly söweşiji topar bilen gatnaşygy bolan “Jaiş al-Muhajireen wal-Ansar” toparlary bilen bilelikde söweşipdi.

Agzalan topar internetde we sosial mediada özi baradaky maglumtlary ýaýbaňlandyrýar we Siriýadaky söweşijilerini, şol sanda Aleppo öz welaýatyndaky türgenleşik bazasyny görkezýän wideolary internetde ýygy-ýygydan çap edýär.

Topar öz adyny 9-njy asyrda ýaşap geçen orta aziýaly yslamçy alym Muhammad al-Buharanyň ady bilen baglanyşdyrýar.

Şu aýda çap bolan iň soňky wideolarynyň birinde “Katibat al-Imam Bukhari” öz harbylarynyň Aleppodan demirgazykda ýerleşýän Handarat şäherinde Siriýanyň hökümetine we hökümetiň tarapynda uruşýan güýçlere garşy hüjümlere gatnaşýandygyny görkezdi.

“Jabhat al-Nusra” topary, şeýle-de Günbatar tarapyndan goldanylýan toparlar we şol sanda “Harakat Hazmb” topary hem Handaratdaky söweşlere gatnaşdylar.

“Katibat al-Imam Bukhari” toparynyň söweşijileriniň “Yslam döwletinden” näme sebäpden yza çekilendiginiň sebäpleri mälim däl, emma soňky kasam edişlik toparyň düzüminde garşylyklaryň bardygy baradaky pikirleri döretdi, onuň ideologiýa bilen bagly bolup, “YD-niň” Siriýadaky we Yrakdaky üstünlikleriniň propagandasyny göz öňünde tutan bolmagy-da ähtimaldyr.

Soňky hepdelerde Siriýanyň hökümet güýçleri “Yslam döwletiniň” söweşijilerine basyş etdiler we olary yza serpikdirdiler. Siriýadaky gozgalaňçylaryň Handarat şäheriniň golaýynda ýitgi çekendigi barada habar berildi.

Merkezi Aziýaly toparlar

“Katibat al-Imam Buhari’” özbekleriň we merkezi aziýalylaryň “Yslam döwletine” goşulan ilkinji topary däl.

Aleppoda (Halapda) we Homsda söweşen özbekleriň köpçüligindäki “Sabri Jamaat” topary hem "Yslam döwletiniň" düzümine girýär. Bu topar mart aýynda “Yslam döwletine” we onuň Siriýadaky ýolbaşçysy Umar Şişana kasam etdi.

Özbekleriň ýolbaşçylygyndaky toparyň Yslam döwletine kasam edýänini görkezýän wideonyň ýaýradylmagy Merkezi Aziýada ekstremistik toparyň we onuň radikal yslam ideologiýasynyň döredýän howpy bilen bagly bildirilýän aladalanmalaryň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Gyrgyzystanda, meselem, hökümet, howpsuzlyk güýçleri we hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalar gyrgyzlaryň, şol sanda zenanlaryň Siriýada “Yslam döwletine” goşulmagyna aladalanma bildirdirýärler.

XS
SM
MD
LG