Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD kürt zenanynyň ‘kellesini kesdi’


Kobanidäki YD jeňçileri tarapyndan kellesiniň kesilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýan Rehana lakamy bilen tanalýan kürt zenan söweşijisi.
Kobanidäki YD jeňçileri tarapyndan kellesiniň kesilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýan Rehana lakamy bilen tanalýan kürt zenan söweşijisi.

Rehana lakamy bilen tanalýan kürt zenan söweşijisiniň Kobanidäki YD jeňçileri tarapyndan kellesiniň kesilen bolmagynyň ähtimaldygy baradaky gürrüňler 27-nji oktýabrda sosial ulgamlarda ýaýramaga başlady.

Rehananyň «ýeňiş yşaratyny» edýän şekili, onuň ýüzden gowrak YD jeňçisiniň öldürilmegine diňe ýeke özüniň jogapkärdigi baradaky habar bilen bilelikde, ýüzlerçe gezek gaýtadan twit edildi.

Rehananyň ölümi tassyk bolmasa-da, birnäçe habar serişdesi, şol sanda Awstraliýanyň 9News habar gullugy, YD-çy sosial media hasaplarynda paýlaşylan şekile, kellesi kesilen kürt zenan söweşijisiniň suratyna salgylanyp, onuň kellesiniň kesilen bolmagynyň ahmaldygyny habar berdi.

YD jeňçisiniň kesilen aýal kellesini elinde tutup duran suratyndan onuň hakykatdanam Rehananyň kellesidigini tassyklamak mümkin däl. Emma muňa garamazdan, şol elhenç surat 5-nji oktýabrdan bäri YD-çy hasaplarda aýlanmagyny dowam etdirýär.

Rehananyň şeýle elhenç ýagdaýda öldürilen bolmagynyň ahmaldygy baradaky myş-myşlaryň şeýle uly jemgyýetçilik gyzyklanmasyny döretmegi Siriýanyň Halk goragy birikmelerinde we Yragyň kürt peşmergesiniň hatarynda söweşýän zenan söweşijiler baradaky halk gyzyklanmasynyň diýseň uludygyndan habar berýär.

Habarlarda ol zenanlar «badas», ýagny «söweşde taplanan» diýip atlandyrylýar we olaryň «yňdarma» söweşijilerdigi aýdylýar.

Bu gyzyklanma geň galasy iş hem ýok: tutuşlygyna zenanlardan düzülen we YD jeňçilerine garşy söweş alyp barýan aýallar diňe bir kuwwatly harby güýç hem däl, eýsem olar repressiw, islendik progressiw, feminist filosofiýa, şol sanda aýallaryň urşa gatnaşmagyna rugsat berilmegine düýpden garşy gelýän zorlukly yslam ideologiýasyna düýpden gapma-garşy gelýärler.

Kobaniniň daşyndaky 40 günlük gabaw mahalynda kürt zenan söweşijileriniň şekilleri sosial ulgamda köp peýda boldy.

Kürt zenan söweşijelriniň YD-a garşy alyp barýan batyrgaý söweşleri baradaky gürrüňleriň giň ýaýramagy başga myş-myşlaryň hem köpelmegine getirdi.

Şol myş-myşlaryň biri YD jeňçileriniň zenan söweşijileriň elinden ölmekden gorkýandygy bilen bagly. Sebäbi, YD jeňçileriniň we kürtleriň arasynda, eger jyhadçy söweşiji aýal adamyň elinden ölse, ol jennete düşmeýär diýen giň ýaýran ynanç bar.

Habar serişdelerinde kürt zenanlaryndan düzülen söweşijiler barada berilýän habarlarda bu söweşijiler «ruhlandyryjy” feministler hökmünde taryp edildi.

Mundanam başga, diňe aýallardan düzülen söweşijiler hakykatda Kürdüstan Işçiler partiýasynyň (PKK) ýa-da giňiş kürt jemgyýetiniň feminizmiň bastiony bolup durýandygyny aňladýar.

Marksistlerden ruhlanan PKK dünýädäki iň kän ýaragly aýallar milisiýasynyň birine eýe. BBS-iniň maglumatyna görä, PKK 1978-nji ýylda döredileli bäri aýallar onuň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şol bir wagtda-da ol marksizm-leninizm ideýalarynyň berk täsirine düşdi.

Emma muňa garamazdan, PKK-nyň tutuşlygyna aýallardan düzülen milisiýasynyň hekaýaty biraz çylşyrymly.

PKK kürt aýallarynyň özlerini öňe çykaryp biljek bir ýoludy. (Norweg akadameigi Kariane Westrheim BBS-ä kürt aýallarynyň «öz seslerini eşitdirjek bolup kän tagalla edendigini» aýtdy.)

Jeýmstown fondunda kürt syýasaty boýunça ýöriteleşen Wladimir van Wilgenburg kürt zenanlar milisiýasynyň «feminizmi» baradaky gykylygyň «sensasion habarlaryň» netijesidigini aýdýar.

"Ol ýerde PPK-niň lideri Abdylla Öjalanyň ideologiýasyna esaslanýan feminist däpleri bar. Bu aýal söweşijleri bolan marksist pitneçi hereketlerden kän bir tapawutlanmaýar. Emma bu ýagdaý ony, umuman alnanda, diýseň özboluşly edýär, sebäbi hatarynda aýal söweşijiler bolan syýasy hereketler beýle kän däl. Hususan-da hatarynda aýallar bolan yslamçy hereketler ýok» diýip van Wilgenburg AÝ/AR-syna aýtdy.

Türkiýäniň «Hurriyýet» neşiri PKK-ni terrorçy gurama hasaplaýar (PKK-ni Türkiýe, ABŞ we ÝB hem terrorçy gurama hasaplaýar), Ženewadaky Halkara barlaglary we ösüş institutyndan Berfu Kiziltan PKK barada has pes pikirde.

Kiziltanyň aýtmagyna görä, PKK turuwbaşdan, erkekler bilen bir hatarda, aýallary hem toplady we bu iş käte zorluk bilen hem edildi. PPK-niň Türkiýedäki kast ediş hüjümleriniň ýarysyndan gowragy aýallar tarapyndan amala aşyryldy. Sebäbi olar üçin howpsuzlyk gulluklarynyň gözüne çöp atmak aňsatdy, sebäbi janyndan geçenleriň bomba partlatmasy aýallara «olaryň öz erkek kärdeşleri ýaly gaýduwsyz bolup bilýändigini subut etmäge mümkinçilik berýärdi» diýip, ol ýazýar.

Kobanide hem azyndan bir kürt zenan söweşijisi janyndan geçen bombaçynyň hüjümini amala aşyryldy.

Şu aýyň başlarynda, aýdylmagyna görä, kürt söweşijisi Arin Mirkan Siriýanyň demirgazyk şäheriniň daşynda özüni partladyp, YD-ynyň 10 jeňçisini öldürdi.

-- Joanna Paraszczuk

XS
SM
MD
LG