“Onuň sesini iki gezek eşitdim. Maňa agyr boldy. Öz gyzymyň sesini eşidip, gygyrasym geldi” diýip, Dawlatbi Odinaýewa 25-nji maýda Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna aýtdy.
Hindistan yslamda gysga wagtda aýrylyşmaga mümkinçilik berýän tejribäni jenaýat diýip yglan etdi. Karara görä, bu aýrylyşmak usulyny ulanýanlar üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilip bilinerler.
Pakistanda golland syýasatçylarynyň musulman pygamberi Muhammet barada çekilen karikaturalaryň bäsleşigini geçirmek planlaryna garşy köpçülikleýin protestler geçirilen mahaly, Gollandiýanyň aşa-sagçy kanunçykaryjysy Geert Wilders bu çäräni ýatyrdy.
“Yslam döwleti” topary indi ýok diýip, soňky birnäçe günlükde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Maýk Pens aýtdy. Halyfat ýykyldy. Ençeme ýyllap yslamçylaryň galasyna öwrülen Siriýada we Yrakda territoriýalaryň ýarysyndan gowragyna söweşijiler kontrollyk edýärdi. Olaryň bu ýurtlardaky ojagy dargadyldy.
Awstriýanyň sagçy hökümeti ýurtdaky 7 metjidi ýapmagy we 40 ymamy hem ýurtdan kowmagy göz öňünde tutýar.
Fransiýada aşa sagçy güýçler bilen ilteşikli toparyň agzalary saklanypdyr.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň hökümeti polis bölüminde hijaby çykarylan musulman zenana 85 müň dollar tölemäge razylyk bildiripdir.
Musulmanlaryň hak-hukuklaryny goraýan hukukçylaryň öňe sürmegine görä, dünýäniň iň giňgerimli sosial ulgamy bolan "Facebook“ yslama garşy ýigrenç döredýän sahypalara ýeterlik derejede berk çäre görmeýär.
Awstriýanyň hökümeti çagalar baglary we başlangyç klaslarda gyzlaryň ýalyk oranmagyny (hijaby) gadagan etmek barasyndaky planyny aýan edipdir.
Ýene-de ýükle