Türkmenistanda soňky ýyllarda abat, gurlanyna kän wagt geçmedik binalaryň hem ýykylyp, ýerine täzesiniň salynýandygy, ýa-da şol bir binanyň bir ýerden aýrylyp, çalarak üýtgedilip, başga ýere geçirilýändigi barada habarlar çykýar.
Munuň bir sebäbi ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň syýasy mirasyndan saplanmak niýeti bilen bagly ýaly görünýär.
Emma käbir synçylar bu ýerde başga-da sebäpleriň bolup biljegini öňe sürýärler.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary, häzir Şwesiýada gurluşyk işleri bilen meşgullanýan biznesmen Saparmyrat Yklymow bilen söhbetdeş boldy.