Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Pagta ýygymynyň täze hokgalary


Lebap welaýatynyň pagta meýdanlarynda pagta ýygýan zenanlar.
Lebap welaýatynyň pagta meýdanlarynda pagta ýygýan zenanlar.

Lebapda pagta ýygym kampaniýasy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Etrap merkezleriniň edara-kärhanalarynyň işgärlerine her gün irden sagat 7.00-da pagta meýdanlaryna alnyp gidilýän ýerlere ýygnanmak hem-de sagat 8-de pagta ýygymyna doly girişmek hakda görkezme berlipdir.

Bu barada elektron aragatnaşyk edarasynyň işgärleri Azatlyk Radiosy bilen özara söhbetdeşlikde gürrüň berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bu ýyl edara-kärhana işgärleri öz işlerini dowam etdirip, deregine başga adam ibermeli.

“Bize öz ornumyza pagta ýygar ýaly adam tutmak tabşyryldy. Şeýlelikde biz esasy işimizem etmeli hem-de öz ornumyza naýomnik (naýomnik – hakynatutma) [işgär] tutup, pagta ýygdyrmaly, naýomnikleriň hem iň arzany üçin her aýda 300 manat çykdajy etmeli bolýar. Aýlygymyzyň deň ýarpysyny olara bermeli bolar” diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny islän elektron-aragatnaşyk edarasynyň jogapkär işgäri belledi.

Dynç günleri ýatyryldy

Pagta ýygymy sebäpli Lebapda dynç günleri hem ýatyryldy. Edara-kärhana işgärleri hepdäniň ýekşenbe günleri dynç alanoklar, pagta ýygymyna çykýarlar. Bu barada orta mekdepleriň biriniň özüni Narmyrat diýip tanadan tehniki işçisi gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, dynç günleri pagta çykmakdan boýun gaçyrýanlara işden kowmak haýbaty atylýar.

Emma ozalky ýyllaryň pagta ýygym kampaniýalaryna garanyňda, bu ýyl mekdep okuwçylary pagta äkidilenok. Ýöne mekdep mugallymlarynyň käbirleriniň ýarym günläp, tehniki işgärleriň bolsa bütin gün pagta ýygymyna äkidilýän halatlaryna duş gelinýär.

Bu ýagdaý, elbetde, köp adamlar üçin goşmaça kynçylyk döredýär. Emma şol bir wagtyň özünde bu talaby makullama bilen kabul edýanlerem bar. Galkynyş etrabynyň mekdepleriniň biriniň tam süpürijisi Laçyn indi her gün pagta ýygymyndadygyny aýdyp, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men tam süpüriji, pagta ýygyp, pul gazanýan, esasy işimiň aýlygyny hem alýan. Pagtanyň bir kilogramy üçin 20 teňňe tölenýär, şeýlelikde pagta ýygym möwsüminde girdejim gowy”.

Zähmet hakynyň tas ýarpysyny...

Emma öz ornuna günlükçi tutmalylar we edarasyndaky esasy işini dowam etdirmeli işgärleriň ýagdaýy Laçynyňkydan tapawutly. Sebäbi olar zähmet hakynyň tas ýarpysyny orunlaryna pagta ýygjak günlükçilere bermeli bolýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de pagta ýygym kampaniýasynyň geçen ýyllardaky ýaly köp wagt dowam etmejekdigi barada ilat arasynda gürrüňler hem bar. Ol gürrüňlere görä, şu ýyl pagta planynyň 20-nji oktýabra, ýagny Lebapda geçiriljek “Ýaşulular maslahatyna” çenli dolduryljakdygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de gowaça giç ekilen ýerlerde 20-nji oktýabra çenli pagtanyň hasylynyň doly ýetişmejegini aýdyp alada edýän daýhanlara hem duş gelmek bolýar.

Özüni Gülbahar diýip tanadan kärendeçi daýhan şeýle pikirdäkileriň biri.

“Meniň iki gektar kärende ýerimde henizem pagta gowy açylanok, açylmadyk körekler kän. Awgust aýynyň 20-sinde pagtany ýygyp başlamalydygymyz barada görkezme berildi. Şonda biz gowy açylmadyk pagta köreklerini ellerimiz bilen açyp pagta ýygmaly bolduk. Ýolbaşçylar hasylyň gowy bolup-bolmazlygy hakda kän bir alada edýäne meňzänok, ähli zat görkezme esasynda amala aşyrylýar” diýip, serdarabatly kärendeçi zenan Gülbahar Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde ýerlikli belleýär.

Resmi ýagdaýda pagta ýygym kampaniýasynyň 29-njy awgustda başlandygyna garamazdan, henize çenli Lebabyň pagta meýdanlarynda pagta ýygýan tehniki enjamlara gözüň düşenok.

XS
SM
MD
LG