Türkmenabatda baýramçylyk çärelerine gabatlap idelmedik köçeler oňarylsa-da, Türkmenabada tarap gidýän awtomagistralyň gurluşyk işleri eýýäm bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.
Şu günler Türkmenabat şäherinde her gün ertir irden tä agşama çenli diýen ýaly abatlaýyş, arassaçylyk işleri geçirilýär: köçeler oňarylýar, jaýlaryň daşky keşbine serenjam berilýär.
Daşoguzdan Lebaba gelin bolup düşen Gülzada indi 10 ýyla golaý wagt bäri öz dogduk şäherine uly kynçylyk bilen sapar edýär. Sebäbi şonça wagt geçse-de, bu aralyga gatnaýan otly ýa-da awtobuslar ýok.
Türkmenabatda Lebap welaýatynyň bu merkezi şäherinde 20-nji oktýabrda geçiriljek ýaşulular maslahatynyň öň ýanynda gyzgalaňly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Lebap welaýatynyň etrap merkezlerindäki edara-kärhanalaryň işgärlerine her gün irden sagat 7.00-da pagta meýdanlaryna alnyp gidilýän ýerlere ýygnanmak hakda görkezme berlipdir.
Soňky ýyllarda medeniýet öýleriniň täze binalarynyň gurluşygy Türkmenistanyň şäher tipli posýoloklarynyň ählisinde planlaşdyrylýar. Käbir etrap merkezlerinde olar eýýäm gurlan bolsa, käbirlerinde indi gurulmaly.
Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “täsin galdyrýan gymmatlyklary görkezmek üçin şertleriň döredilendigi” bellenilse-de, muzeýde taryhy tapyndylaryň azdygy nygtalýar.
Sowet döwri şahyr G.Ezizowyň barha uzap barýar gazet nobaty baradaky goşgusy meşhur bolupdy. Häzir bolsa hususy dermanhanalaryň nobatynyň uzaýandygy aýdylýar.
Türkmenabadyň meşhur söwda nokatlarynda “däri-derman bar”, “derman gerekmi?!” diýip gyzyklanyp, aýlanyp ýören "dermançy" söwdagärlere islendik gün duş gelse bolýar.
Türkmenistanyň hassahanalarynda öz derdine şypa tapyp bilmändigini aýdýan Gaýgysyz, mundan beýläk ýerli tebiplere ýüz tutaýmasa, başga çäresiniň galmandygyny gürrüň berýär.
Türkmenistanda mugallymçylyk iň agyr kärleriň birine öwrüldi. Mugallymlar arassaçylyk işlerine, pagta ýygyma, yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin dabaralara çekilýärler.
Rus filologiýasy ugry boýunça ýokary bilim alan Lälezar mugallym ýakynda welaýat bilim bölüminden gelip, öz okuw sapaklaryna gatnaşan barlagçylary yzyna ugratdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji fewralda eden çykyşynda ýurt boýunça gurlan sport mekdepleriniň talaba laýyk işlemeýändigini, mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigini nygtap geçdi.
Okuwçy gyz Mähri şu günler örän aladaly. Mähriniň aladasynyň düýp sebäbi ýakynda onuň okaýan mekdebinde geçirilen ene-atalar ýygnagynda berlen tabşyryklar bilen bagly.
Türkmenabatda okaýan käbir okuwçylara 30-njy oktýabra çenli dowam etjek kanikulda, dynç günlerinde özlerini nähili alyp barmalydygy barada täze tabşyryga gol goýdurylypdyr.
Türkmenabadyň Görogly köçesinde ýaşaýan Hemra aganyň jaýynyň diwarlarynyň içki suwagy gyrlyp aýrylan, diwarlaryň kagyz bezegi, suwagyň ýüzüne ýelmenýän oboýlar hem sypyrylan. Sebäp näme?
Türkmen döwlet habarlar gullugy 1-nji sentýabrda ählihalk tigir sürüşliginiň geçiriljekdigini habar berensoň, şu günler Türkmenistanda, şol sanda Türkmenabatda hem tigir söwdasy barha gyzgalaňly gidýär.
Serdarabat etrabynyň Täze durmuş obasynda ýaşaýan Çary indi 15 ýyldan bäri maşgalasyny daýhançylyk bilen ekleýär. Soňky bäş-alty ýyla çenli onuň melleginde ýetişdiren gök önümleri maşgalasyna iýmäge doly ýetip, satmaga-da artýar eken.
Türkmenabadyň şäher merkezi bilen Amul şäherçesiniň arasynda gatnaýan döwlet eýeçiligindäki awtobuslaryň kadaly gatnaw sagady ýok. Bu aralykda awtobuslaryň juda seýrek gatnaýandygy aýdylýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmäge dalaş edýänlerden resminamalary kabul ediş kompaniýasy dowam edýär. Türkmenabat şäheriniň ikinji we bäşinji saglyk öýleriniň töweregi şu günler köp adamly.
Ýene-de ýükle