Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Karimowanyň gözden düşmegi


Gülnara Karimowa öý tussaglygynda
Gülnara Karimowa öý tussaglygynda

Bir zaman onuň hemme zady bardy. Emma Özbegistanyň prezidentiniň ýyldyrym çaltlygynda ýokary göterilen gyzynyň indi türmä hem basylmagy mümkin. Biz Gülnara Karimowanyň göz-gülban bir şekilde gözden düşüşine syn etdik.

Gülnara Karimowanyň bir zaman hemme zady bardy. Ol ýokarlaryk göterilen pop aýdymçysydy, dünýä dyzaýan modaçydy, hökmürowan kakasy, Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow tarapyndan wezipe basgançaklaryndan ýyldyrym çaltlygynda ýokary çykarylan diplomatdy.

Emma soňky ýyllarda, daşary ýurtlardaky sowajan durmuş obrazynyň tankyt edilmegi, BMG-däki ilçi hökmünde öz ýurdundaky hukuk bozulmalar barada dil ýarmazlygy, şeýle-de korrupsiýa baradaky erjel aýyplamalar bilen, Gülnara Karimowanyň ýyldyzy öçmäge başlady.

Onuň ýyldyzy resmi taýdan 9-njy sentýabrda, Özbegistanyň Baş prokuraturasy «Karimowa G.» diýip tanadylan aýaly koorupsiýada aýyplanda öçüp başlady. Bu aýyplanýan aýal 42 ýaşyndaky Gülnara Karimowa diýlip çaklandy, ol Daşkentdäki jaýynda öz tussaglygynda saklanýar diýip ynanylýardy.

Şu ýerde onuň ýyldyzynyň soňky ýyllardaky «öçügsileşmelerini» synlap bilersiňiz:

Sentýabr, 2011: Modadan gaçmak

Guramaçy özüniň Özbegistanda adam hukuklarynyň bozulyşyndan elheder edendigini aýdandan soň, Karimowanyň modaly geýimler liniýasy «Guli» özüniň Nýu-Ýorkdaky «Moda hepdesi» agşamyny goýbolsun etdi.

Bu moda görkezilişi soň şäheriň merkezindäki kaşaň restorana, «Ciprianä” geçirildi, emma ol ýerde onlarça adam ýygnanyp, Özbegistanda pagta ýygymy mahalynda gul zähmetiniň ulanylmagyna garşy protest bildirdi. Moda görkezilişine 200 çemesi adam geldi, emma Gülnaranyň özi, aýdylmagyna görä, ol ýerde görünmedi.

Iýun, 2012: Şowsuz aýdymlar

Karimowa dünýä ýüzüniň diňleýjilerine niýetlenen aýdym-saz albomyny çykarýar. Onuň websaýty (häzir işlemeýär) bu albom barada "Billboard" žurnalynda çykan syny we "CNN bilen geçirilen uly söhbetdeşligi" wagyz edýär, emma bu berilýän salgylaryň hiç biri işlemeýär we ol diýilýän synyň we söhbetdeşligiň ýazgysy ýok. 2013-nji ýylyň ýanwarynda ol rus raýatlygyny alan fransuz aktýory Gerard Depardieu bilen bir aýdym ýazdyrdy.

Aprel, 2013: Diplomatiki ýitirim bolma

Onuň ady birden Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň ilçiler sanawyndan ýitirim boldy. Bu onuň Özbegistanyň Ženewadaky işinden, BMG-niň ilçisi wezipesinden boşadylandygyny aňladýardy. Ol bu wezipede 2008-nji ýylyň sentýabryndan bäri işleýärdi. Ol wezipesinden resmi taýdan iýulda boşadyldy.

Maý, 2013: Parahorluk gürrüňleri

Şwesiýanyň derňewçi žurnalistleri tarapyndan syzdyrylan we Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy tarapyndan syn berlen dokumentler Karimowa bilen Şwesiýanyň telekom läheňi TeliaSoneranyň arasyndaky baglanyşyk barada täze subutnamalary orta atdy.

Oktýabr, 2013: Efirden aýrylmak

Karimowa tarapyndan kontrolluk edilýän birnäçe tele-radio kanaly birden gepleşik bermegini bes etdi. Resmiler munuň sebäbiniň tehniki ýagdaýlar bilen baglydygyny aýtdylar.

Oktýabr, 2013: Hasaplaryň doňdurylmagy

«Terra Group» kompaniýasynyň, Karimowa bilen hyzmatdaşlyk edýän media guramasynyň, maliýe galplaşdyrmalary baradaky gürrüňler sebäpli, bank hasaplary doňduryldy.

Noýabr, 2013: Tweýetler sem edildi

Twitteri ýeserlik bilen ulanýanlaryň biri bolan Karimowa ilkinji gezek Özbegistanda bar diýilýän hukuk bozulmalar barada gürrüň açýar. Ol öz janpenalarynyň ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň agzalary tarapyndan tutulyp, soňra ýenjilendigi barada birnäçe twit çap edýär. Onuň twitter hasaby şol aýyň soňragynda ysmaz edilýär. Emma dekabr aýynda täzeden peýda bolýar we ol ony öz uýasyna garşy hüjüm etmekde ulanýar. Onuň bir zaman juda öndümli bolan sosial media aktiwligi fewral aýynda doly garaňkylyga çümýär.

Fewral, 2014: Jenaýat baglanyşyklary?

Karimowanyň Daşkentdäki kwartirasy döküldi, onuň söýgülisi Rustam Madumarow we ýene iki ýoldaşy tussag edildi. Sülçiler bu üç adamy salgytdan gaçmak hem-de bikanun walýuta saklamak bilen ilteşikli jenaýat işinde aýypladylar.

Mart, 2014: Öý tussagy

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Özbek gullugy we BBC Karimowanyň eli bilen ýazylan diýip ynanylýan haty ele saldy, bu hatda ol özüniň öý tussaglygynda saklanylýandygyny, urlup-enjilendigini, «gazaply psihologiki basyşa» sezewar edilendigini aýdýar. Şol aýda Karimowa TeliaSonera, Şwesiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy bilen ilteşikli parahorluk işinde güman edilýän adam hökmünde agzalýar.

Awgust, 2014: Tussag ediş audiosy

BBC Karimowanyň özüne öý tussaglygynda çemeleşilişinden şikaýat edýän ýazgylaryny ele salýar. Ol özüne we gyzyna «itlere daralyşyndan hem beter» daraýandyklaryny we özleriniň daşarky dünýä bilen hiç hili gatnaşyklarynyň ýokdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG