Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiniň gyzy maşgalasyny tankytlaýar


Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa belli biznesmen Bahodir Karimjonow bilen, 2007.
Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa belli biznesmen Bahodir Karimjonow bilen, 2007.
Özbek prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylýan Twitter hasaby öz, ýagny prezident maşgalasy barada tankydy tweetler ýazylandan soň, öçürildi.

Karimowa iň soňky tweetini penşenbe güni öz hasabyny ýapýandygyny bildirmek we soňky hepdeleriň dowamynda sosial ulgamda özüni yzarlanlara sag bolsun aýtmak üçin ýazdy. Ol bu barada goşmaça maglumat bermedi.

41 ýaşlaryndaky öňki diplomat, pop ýyldyzy, moda dizaýneri Karimowa, ozallar 75 ýaşly kakasy, awtoritar prezident Yslam Karimowyň mirasdüşeri bolup biler diýlip agzalýardy. Karimow Özbegistany 1989-njy ýyldan bäri dolandyrýar.

Karimowa Twitter hasabyny öçürmezinden birnäçe sagat öň özüniň “gowy iş” diýip häsiýetlendiren käbir metbugat, aýdym-saz we sosial proýektleri barada maglumat çap etdi.

Maşgala oňşuksyzlygy

Karimowa käbir beýleki tweetlerinde ejesi Tatýana Karimowany we gyz jigisi Lola Karimowa-Tyllaýewany we onuň adamsy Timur Tylllaýewi öz maşgalasynyň içindäki ençeme problemalalary döretmekde aýyplady. Ol bu problemalaryň maşgalany gurşap alandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Karimowanyň gyz jigisi sentýabr aýynda BBC korporasiýasynyň Özbek gullugyna beren interwýusynda Gülnara bilen özüniň 12 ýyl bäri gürleşmeýändiklerini we aralarynda “ne maşgala, ne-de dostlukly gatnaşyklaryň” bardygyny aýdypdy.

Karimowa soňky tweetleriniň birinde özüniň alyp baran işlerini maşgalasyndaky zenanlaryň oňlamandygyny aýdyp, soňky iki ýylyň dowamynda ejemiň eden işleri hemmäniň alada galmagyna sebäp boldy diýdi.

Karimowa ejesiniň Hytaýdan, Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden import edýän harytlary bilen ilteşikli eden işleriniň şu ýylyň başynda doganoglany Akbarali Abdullaýewiň türmä basylmagy bilen tamamlanandygyny belledi.

Prezidentiň gyzy - "Çemesiz adam"

Şeýle-de, ol tweetleriniň birinde özüniň erkin häsiýeti we durmuşsöýüjilik ukyby sebäpli “köpler üçin çemesiz” adama öwrülendigini nygtaýar.

Karimowa çarşenbe güni Twitter hasabyndan Kelajak Owozi, ýagny Geljegiň Sesi atly ýaşlar proýektiniň birnäçe agzasynyň “ekstremizmde aýyplanyp”, tussag edilendigini ýazypdy.

Şeýle-de, ol kärdeşlerini azat etmek tagallasy bilen şu hepde Daşkendiň polisiýa merkezine gidendigini hem sözüne goşdy.

Russiýanyň, Ukrainanyň we Merkezi Aziýanyň käbir habar beriş serişdeleri şu hepde çap eden maglumatynda Karimowanyň tussag edilendigi üçin Daşkendiň polisiýa merkezine barandygyny ýazypdylar.

Karimowa soňky hepdelerde Twitter hasabyny özüne degişli guramalara we habar beriş serişdelerine basyş edilýändigini ýa-da olaryň derňenilýändigini mälim etmek üçin ulanýardy.

Karimowa tarapyndan dolandyrylýan birnäçe radio we telekanallar geçen aý ýapyldy. Bu kanallar esasan Karimowanyň edýän işlerini mahabatlandyrmak üçin ulanylýardy.

Şeýle-de, geçen aý Karimowanyň azyndan iki guramasy, şol sanda onuň “Forum” atly haýyr-sahawat fondunyň we Syýasy barlaglar merkeziniň salgyt galplyklarynda aýyplanyp, derňelýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.
XS
SM
MD
LG