Şweýsariýanyň prokurorlary Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzyna garşy, hapa pullary ýuwmak aýyplamalary esasynda, derňew işiniň başladylandygyny aýdýarlar.
Baş prokuraturanyň çarşenbe güni ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, jenaýat işi bilen baglylykdaky derňew işleri Gülnara Karimowanyň geçen güýzki hereketlerini öz içine alýar.
Beýanatda Karimowa garşy derňewiň “Özbegistanda telekommunikasiýa pudagynda boldy diýilýän bikanun hereketler” boýunça gozgalan iş bilen utgaşýandygy nygtalýar. Onda Şweýsariýanyň resmilerinden 660 million ýewrolyk ($915 million) güman edilýän özbek serişdeleriniň alnandygy bellenilýär.
Beýanatda nygtalyşy ýaly, şweýsar resmileriniň hapa pullary ýuwmak aýyplamalary boýunça ilkinji derňew işini 2012-nji ýylyň iýulynda Karimowanyň ýaranlary hasaplanylýan dört özbek raýatyna garşy gozgandyklary aýdylýar. Bu adamlaryň özbek telekommunikasiýa ulgamyndaky bikanun işler bilen arabaglanşygynyň bolandygy hem öňe sürülýär.
Çarşenbe güni ýaýradylan beýanatda şol adamlaryň ikisiniň tomusda tussag edilip, emma şol ýylyň oktýabrynda hem girewine pul goýmak esasynda azatlyga goýberiledigi aýdylýar.
Prezidentiň gyzy we hapa pullar
Şweýsariýanyň Baş prokuraturasynyň metbugat wekili Jeannette Balmer Azatlyk Radiosyna telefon arkaly şeýle gürrüň berdi:
“Konfederasiýanyň Jemgyýetçilik ministrligi hapa pullary ýuwmak aýyplamalary esasynda deslapky derňewi açdy. Mundan öň, 2012-nji ýylyň iýulynda dört özbek raýatyna garşy iş hem gozgalypdy. Özbegistanyň telekommunikaiýa pudagynda ýol berildi diýilýän kanunbozmalar baradaky gümanlaryň hapa pullary ýuwmak aýyplamalarynyň esasy bolandygy çaklanylýar. Şweýsariýada gidýän deňewiň bir ujy biziň ýurdumyzdaky serişdeler bilen bagly”.
41 ýaşly Karimowanyň geçen ýylyň iýulyna çenli diplomatiki el degrilmezlik statusy bardy. 2013-nji ýylda ol Özbegistanyň BMG-däki we Ženewadaky beýleki halkara guramalaryndaky wekilli hökmünde eýelän wezipelerinden çetleşdirilipdi.
Beýanatda aýdylmagyna görä, geçen ýylyň sentýabrynda dowam edip gelýän jenaýat işinde Karimowanyň hem ady peýda bolandan soň, ol Şweýsariýany terk edipdir.
Derňew täze işleriň üstünden eltýär
Balmer Şweýarsiýadaky derňewiň netijesinde täze korrupsiýa işleriniň açylandygyny hem belläp geçdi:
“Konfederasiýanyň Jemgyýetçilik ministrligi ençeme ýurtdan, şol sanda öz derňewlerini gozgan Şwesiýadan hem Fransiýadan ýuridiki hyzmatdaşlyk sorady”.
Awgustyň aýagynda polisiýa subutnama üçin Karimowanyň Ženewadaky öýünde barlag geçirdi.
Karimowa 75 ýaşyndaky kakasynyň mirasdüşeri hökmünde garalýardy. Ol özüniň syýasy işini estrada aýdymçysy, dizaýner, haýyr-yhsan guramalarynyň ýolbaşçysy ýaly wezipeler bilen hem utgaşdyrýardy.