Ýaşy otuza golaýlan Didaryň durmuşy Tagtabazar şäherçesinde ýaşaýan ençeme beýleki maşgalalaryň durmuşyndan, göräýmäge, o diýen tapawutly däl: darajyk jaýy bar, hojalygyň tebigy gaz we suw bilen üpjünçiligi juda çäkli. Şol bir wagtda-da onuň maşgala agzalarynyň sany barha artýar we netijede bu maşgalanyň jaýy barha darlyk edýär.
Beýleki käbir tagtabazarlylar ýaly, ol hem indi 18 ýaşyndan bäri nobata duran mellek ýerinden bir netije bolarmyka diýen umyt bilen ýaşaýar. Ol häzir 26 ýaşynda, mellek ýerini almaga haçan öz nobatynyň ýetjegi barada oňa hiç kim hiç zat aýdyp bilenok. Didaryň günde-günaşa ýerli häkimligiň edarasynyň öňüne aýlanmagy-da bu prosese o diýen täsirini ýetiriberenok.
Mellek ýeri Türkmenistanda wagtal-wagtal paýlanýar, bu barada hökümetiň karary bar, hatda prezident hem bu ugurda yzygiderli çykyş edip, degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berýär. Onsoň mellek ýer alyp jaý gurunýan hem bar, ekerançylyk meýdany hökmünde ýeri kärendesine alan adamlaram. Bu ýagdaýa Tagtabazarda hem duş gelmek bolýar.
“Mundan 2-3 ýyl ozal şäherçäniň ýokary başynda ýerleşýän awtomobil ýag guýujy stansiýanyň aşaklaryndan ýer paýlandy. Ýöne nobat maňa gelende, paýlanjak ýerleriň kesgitlenmändigi aýdylýar” diýip, Didar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Daşoguzda welaýaty
Tagtabazar Mary welaýatynda ýerleşýär. Emma, ýurt ýolbaşçysynyň tabşyrygyna garamazdan, mellekýer alyp bilmän kösenýänlere Daşoguz welaýatynda hem duşsa bolýar. 60 ýaşlaryndaky pensioner Şirin daýzanyň maşgalasy hem indi ep-esli wagtdan bäri nobatyna garaşýanlardan biri.
“Men barsam, aýdýar, oçurda garaş diýýär. Biz-ä şol, garaş diýilse, garaşyp otyrys. Bizlere ýetenok. Bilmeýän gyzymyň arzasy bar. Arzasy bolany bilen ony haçan berýär, haçan bermeýär bilmeýärin” diýip, daşoguzly pensioner gürrüň berýär.
Edil tagtabazarly Didaryňky ýaly, Şirin daýzanyň hem maşgalasy gün saýyn ulalýar, jaý darlygy olar üçin hem uly maşgala problemasyna öwrülip barýar. Emma Didar ýaly Şirin daýza hem häzirlikçe nobata garaşmakdan başga çykalganyň ýokdugyny aýdýar.
Para-peşgeş...
Tagtabazar baradaky gürrüňe gaýdyp gelsek, mellegiň kime berlip, kime näme sebäpden berilmeýändigi barada resmiler tarapyndan ilat köpçüligine hiç hili düşündiriş berilmeýär. Bu hem adamlaryň arasynda Türkmenistandaky durmuşyň käbir beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, para-peşgeşiň durmuşyň bu ugruna-da ornaşandygy baradaky myş-myşlaryň ýaýramagyna getirýär.
Mundan bir ýarym ýyl töweregi öňräk etrap arçynynyň wezipesinden boşadylyp, ýerine täzesiniň bellenmeginiň hem şonuň ýaly ýagdaýlar bilen baglydygy barada halk arasynda gürrüňler bar. Emma bu barada resmi çeşmelerde hiç hili maglumat berlenok.
Ýöne iň bärkisi Tagtabazar barada aýdylanda, prezidentiň ilata mellek ýerlerini paýlaň diýen tabşyrygynyň düzüwli berjaý edilmeýändigini aýtmaga doly esas bar. Bu hem öz nobatynda adamlaryň durmuşyna erbet täsirini ýetirýär.
15 sotuklyk ýeriň bahasy 14-15 müň dollara barabar bolan Tagtabazarda hususy mellekýeri edinmäge mümkinçiligi bolan ilatyň sany gaty az, bu hem öňdenem giň bolmadyk jaýlarda köpçülik bolup ýaşaýan maşgalalaryň sanyny gitdigiçe artdyrýar.
Sosial şertleri öwerlik bolmadyk we sanlary barha köpelýän şeýle dar jaýlary görmek üçin şäherçäniň halk arasynda Magtymguly diýlip atlandyrylýan bölegine göz aýlamak ýeterlik.