Türkmenistanyň prezidenti hökümet maslahatlarynda ilata mellek ýerlerini, jaý salmak üçin ýer uçastoklaryny bölüp bermek barada wagtal-wagtal anyk tabşyryklary berýär.
Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda käbir ýaşaýjylar mellek ýerlerini almakda, käbirleriniň bolsa mellek ýerini alanyndan soň käbir bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.
Şeýle ýaşaýjylardan biri hem Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Oraztäç daýza. Ol Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde 3 ýyla golaý wagt garaşyp, mellek ýerini alandygyny aýdýar. Şeýle-de, mellegiň oý ýerden berileni sebäpli, ony häkimlikler tarapyndan tekizletmekde birnäçe bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny belleýär.
60 ýaşlaryndaky pensioner Oraztäç daýza bu döwürde başdan geçirenlerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.