Paýtagtyň Parahat mikroraýonynda, Nurmuhammet Andalyp we Ýunus Emre köçeleriniň çatrygyndaky “Türkmenbalyk” söwda öýüniň açylanyna eýýäm bir ýyl bolup barýar. Geçen ýylyň oktýabr aýynda açylan Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň bu söwda merkeziniň bäş gatly binasy ýöriteleşdirilen balyk söwdasy dükanyndan, restorandan we edara ediş desgalaryndan ybarat.
Bu söwda merkezi açylanda resmi metbugatda bu restoranda balykdan taýýarlanylan tagamlaryň dürli görnüşleriniň sarp edijilere hödürlenjekdigi habar berlipdi. Emma bu restoranda şu wagta çenli balyk iýip gören paýtagtlylar ýok bolsa gerek.
Bu restoranyň işgäri hem restoranda balyk bişmeýändigini, restoranyň bolsa toý dabaralarydyr hudaýýolular üçin ulanylýandygyny aýdýar. Ýöne ol, indiki aýdan başlap, balyk bişirýän aşpeziň işe kabul edilip, binanyň daşynda ýörite balyk bişiriljekdini aýtdy.
”Türkmenbalyk” söwda öýüniň balyk we balyk önümlerini satýan dükanynda hem wada berlen balyk bolçulygy duýulmaýar. Balyk dükanynyň howzunda 10-15 sany bir kilogramy 8 manatdan piýostra balygy ýüzüp ýör diýäýmeseň, başga diri balyk bu dükanda ýok.
Dükandaky balyk görnüşleriniň sany 5-6-dan geçmeýär. Olaryňam ählisi kakadylan ýa-da ter doňdurylan. Lakga, çehon, ýylankelle ýaly balyklar doňdurylyp satylýar. Lakgadyr, mintaý ýaly balyklar Orsýetden getirilen bolsa, ýylankelle we zagara balyklaryndan bolan çehon balygy ýurduň içinde öndürilýär.
Balyk konserwalarynyň arasynda hem türkmen öndürijileriniň öz önümleri bar. Olar, esasan, hazar külkesiniň dürli goşundylar bilen gaplanan konserwalary. Olaryň bahalary 2 manat 40 teňňeden 3 manat aralygynda. Şprot, kambala ýaly balyk konsewalary - Orsýetiň we pribaltika döwletleriniň önümleri.
Göräýmäge, bu dükanda alyjylar üçin baha we amatlyklar taýdan oňat şertler bar. Emma dükanyň assortiment taýdan garyplygy zerarly bu dükanyň öz alyjylarynyň sanyny köpeldip bilmeýändigini satyjylaryň biri gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, dükana getirilýän balyk we balyk önümleriniň görnüşleri az.
Hatda bu dükanda konserwirlenmedik doňdurylan hazar külkesi hem ýok. Dükanyň satyjysynyň aýtmagyna görä, eýýäm birnäçe aý bäri hazar külkesi getirilmeýär. Ýogsa bu balygyň alyjylarynyň az hem däldigini dükanyň satyjysy aýdýar. Ýeri gelende belläp geçsek, balyk satýan dükanlarda diňe hazar külkesini satyn almak üçin nobatlar bolýardy.
Paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky balyk dükanynyň assortiment garyplygyna döwlete degişli beýleki balyk dükanlarynda hem duşmak bolýar. Mysal üçin, ”Teke bazaryndaky” balyk dükanynda balygyň 3-4 sany görnüşi bar. Olaram täze däl-de, doňdurylan balyklar.
Paýtagtyň Andalyp prospektiniň we Azady köçesiniň çatrygyndaky balyk dükanynda hem ýagdaý ýaňky agzalan balyk dükanlarynyňkydan tapawutly däl. Bu dükanda, esasan, kakadylan balyklar köp satyn alynýan eken. Beýleki balyklar, täze bolmansoň, olaryň gowy geçmeýändigini bu dükanyň satyjysy gürrüň berýär.
Paýtagtyň balyk dükanlaryndaky dowam edýän assortiment garyplygynyň sebäpleri barada hem bu dükanlaryň satyjylaryndan belli bir maglumat alyp bolmady. Olar diňe bir söz bilen “getirilenok” diýip, jogap berýärler.
Şol bir wagtda hem paýtagtyň bazarlarynda hususy söwdagärleriň käbirlerinden ýurduň içinde tutulýan sudak, ýagny garabalyk we bekre ýaly balyklary satyn alyp bolýar. Dogry, bu söwda belli bir derejede gizlin alnyp barylýar. Mikroraýonlara hususy ýeňil awtoulaglarda aýlanyp balyk satýan söwdagärleri hem balygyn azyndan 3-4 görnüşini hödür edýärler. Bu söwdagärleriň söwdalarynyň gyzgalaňly bolmagynyň sebäbi-de olaryň balyklarynyň täzeligi üçin.
Dogry, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygynyň ýöriteleşdirilen awtoulagda balyk satýan söwdagärlerine hem käte paýtagtyň dürli künjeklerinde duşmak bolýar. Emma bu diri balyk satýan “awtoulag dükanyny” gözläp tapaýmasaň, olaryň belli bir söwda edýän nokady ýok.
Umuman aýdanyňda, häzirki wagtda paýtagtda balyk we balyk önümleriniň assortimenti örän az. Şol bir wagtda hem ilaty balyk we balyk önümleri bilen üpjün etmek meselesiniň hökümet maslahatlarynda hem gozgalýandygyna garmazdan, paýtagtyň balyk we balyk önümlerini satýan ýöriteleşdirilen dükanlary ilatyň isleglerini kanagatlandyryp bilmeýär.