Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG "Olary diri görkez!" diýýär


"Olary diri görkez!"
"Olary diri görkez!"

ÝHHG-nyň Parlament assambleýasy 2-nji iýulda özüniň Baku jarnamasyny kabul edip, onda Türkmenistanyň hökümetinden türkmen türmesinde ýitirim bolan adamlar, şol sanda Boris Şyhmyradow we Batyr Berdiýew barada maglumat bermegi sorady.

«Olary diri görkez» kampaniýasy türkmen türmelerinde zorlukly ýitirim bolmak hadysalarynyň 60-dan gowragyny dokumentleşdirdi, ýitirim bolanlaryň aglaba köplügi 2002-nji ýylda Türkmenistanda boldy diýilýän döwlet agdarylyşygy synanyşygyna dahylly.

Ondan bäri 10 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, tussaglaryň garyndaşlary, jemgyýetçilik we halkara guramalary bu iş bilen ilteşiklilikde uzak möhletli türmä basylan adamlaryň soňky ykballary barada hiç bir maglumat alyp bilmediler diýip, ÝHHG-nyň Parlament assambleýasynyň beýanatynda aýdylýar.

Baku jarnamasy bu ýerdäki ýagdaýyň çynlakaýlygyny esasy maddalaryň birnäçesinde nygtap görkezýär. Jarnamanyň 108-nji maddasynda ýitirim bolan tussaglar we öz ýakynlary barada on ýyldan gowrak wagt bäri habar alyp bilmedik maşgalalar barada alada bildirilýär.

125-nji madda bolsa, ÝHHG-nyň konsensusa, ylalaşyga garaşlylygyny kemeldip, oňa derek, Moskwa mehanizmi ýaly, adam hukuklaryny goraýan mehanizmleri we gödek hukuk bozulmalaryna gözegçiligi güýçlendirmelidigini nygtalýar.

Türkmenistan bilen baglylykda kabul edilen Moskwa mehanizmi 2002-nji ýylyň noýabr wakalaryndan soň işe girizildi we professor Emmanuel Deko (Emmanuel Decaux) tarapyndan köp taraply hasabat ýazylmagyna getirdi.

Türkmenistanyň Moskwa mehanizmi prosesini ret etmegi hem-de Dekonyň hasabatynda öňe sürlen rekomendasiýalary ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegi netijesinde geçen ýyllarda bu meselede hiç bir öňegidişlik gazanylmady diýip, «Olary diri görkez» kampaniýasynyň ýaýradan habarynda aýdylýar.

Baku jarnamasynyň 134-nji maddasy Türkmenistanyň hökümetinden Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim edilen adamlaryň saglygy, nirede saklanýandygy hakynda maglumat bermegi, şeýle-de olaryň ýanyna barmaga mümkinçilik döretmegi gönüläp soraýar.

«Olary diri görkez» kampaniýasy ÝHHG-nyň Baku jarnamasynda edilen berk çagyryşy gutlaýar we munuň Türkmenistandaky ýitirim bolmalar meselesini çözmek hem-de guramanyň sebitdäki hukuk goraýjylyk roluny berkitmek tagallalarynyň güýçlenmeginiň alamatydygyny aýdýar.

Şeýle-de bu kampaniýa, hakykaty aýtmagyň wagtynyň gelendigini belläp, Türkmenistan baradaky rekomendasiýalaryň ÝHHG-nyň 4-5-nji dekabrda Şweýsariýada geçjek nobatdaky Ministrler geňeşinde hem maslahatlaşylmagyna çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, «Olary diri görkez» kampaniýasy 2013-nji ýylyň aýagynda, onlarça hukuk goraýjy guramanyň goşulyşmagynda, ÝHHG-nyň Warşawadaky ýyllyk maslahatynyň geçýän günlerinde başlanypdy.

Şonda Türkmenistanda ozalky prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň soňky ykbaly barada resmi Aşgabadyň maglumat bermegine çagyryş edilipdi.

XS
SM
MD
LG