Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Al-Bagdady jyhada çagyrýar


Yragyň hökümet güýçleri.
Yragyň hökümet güýçleri.

Yragyň we Siriýanyň käbir böleklerinde hereket edýän sünni söweşiji toparynyň lideri tutuş dünýädäki musulmanlary öz toparynyň eýelän territoriýasyna sapar etmäge we Yslam döwletini döretmek üçin göreşmäge çagyrdy.

1-nji iýulda paýlaşylan audio, ýagny ses ýazgysynda “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly toparyň lideri Abu Bakr al-Bagdady (Abu Bakr al-Baghdadi) özüni tutuş Yslam dünýäsiniň lideri hökmünde tanyşdyrdy.

Gürrüňi gidýän ses ýazgysy Yragyň hökümet güýçleri "Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň dolandyrýan söweşijilerinden ýurduň demirgazygyndaky Tikrit şäheriniň kontrollygyny yzyna almak üçin hüjümi dowam etdirýän mahaly ýaýradyldy. Tikrit şäheri "Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar tarapyndan geçen aý basylyp alnypdy.

Bu ses ýazgysy “Al-Kaýda” hereketiniň bir şahasy diýlip hasaplanýan “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar öz kontrollygyndaky territoriýalarda “Yslam döwletini” ýa-da “halyfat” döredýändigi barada birtaraplaýyn yglan edenden iki gün soň köpçülige ýetirildi.

Mundan başga-da gürrüňi edilýän ses ýazgysynda Bagdadynyň halyf diýip yglan edilýändigi we gürrüňi gidýän toparyň öz adyny “Yslam döwletine” çalyşýandygy bildirildi.

“Milletine garamazdan…”

Bagdady özüniň 19 minutlyk çykyşynda, milletine garamazdan, “Yslam döwletiniň” ähli musulmanlaryň ýurdudygyny aýtdy. Şeýle-de ol bu ýurduň musulmanlara öz “namysyny, kuwwatyny, hukuklaryny we liderligini gaýtaryp berjekdigini” nygtady.

Bu döwleti döretmäge kömek etmekleri üçin Bagdady praktiki ukyby bolanlara, ýagny alymlara, kazylara, doktorlara, inženerlere, öňki esgerlere we dolandyryş başarnygyna eýe bolan adamlara ýüzlenip, “musulmanlaryň olaryň ukybyna aýratyn mätäçdiklerini” aýtdy.

Barzani söweşijileri 29-njy iýunda başlanan mukaddes Remezan aýynda hüjümi güýçlendirmäge çagyrdy.

Bu aralykda Yragyň täze parlamentiniň 1-nji iýulda geçiren maslahaty ýurduň parlamentine täze spiker, ýagny baştutan saýlanmazdan, garma-gürmelik bilen tamamlandy.

Maslahat netijesiz tamamlandy

Yragyň parlamentiniň häzirki wagtda iş başyndaky spikeri Mehdi al-Hafid kanunçykaryjylara beren maglumatynda “maslahatyň soňa goýlandygyny we onuň öňümizdäki hepde ylalaşygyň baglaşyljak güni geçiriljekdigini” mälim etdi.

Yragyň kanunçykaryjylary ýurtda parlamentiň baştutanlygyna dalaş edýänleriň kandidaturalaryny geňeşmek üçin arakesme yglan edipdiler. Yrakda parlamentiň spikeri, adatça, musulmanlaryň sünni akymyndan, onuň iki orunbasary bolsa şaýy musulmanlaryndan we kürtlerden saýlanýar.

Gürrüňi gidýän maslahata parlamentiň 328 deputatynyň 255-si gatnaşdy, ýöne yglan edilen arakesmeden soň olaryň diňe 75 sanysy yzyna gaýdyp geldi. Ahyrynda maslahat ýygnagyň geçirilmegi üçin zerur gatnaşmaly deputatlaryň sanynyň ýetmezçilik edendigi sebäpli netijesiz tamamlandy. Maslahata gatnaşmakdan saklananlaryň aglabasy sünni we şaýy kanunçykaryjylarydy.

Ak tamyň metbugat wekili Joş Irnest (Josh Earnest) maslahatyň “wajyp” bolandygyny belledi. Emma ol Yragyň “aşa howp bilen” ýüzbe-ýüz bolýandygyny duýduryp, yrakly syýasatçylary “boldugyndan çalt” ylalaşyga gelmäge çagyrdy: “Öň wada berlişi ýaly, Yragyň täze parlamentiniň şu gün çagyrylmagy wajypdyr. Emma bu Yragyň täze liderleriniň öz wezipelerine tiz girişmekleri üçin möhüm bolup galýar. Sebäbi häzirki ýagdaý şuny talap edýär. Yragyň halky “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar tarapyndan abanýan aşa howp bilen ýüzbe-ýüz bolýar”.

“Referendum geçiriler”

Beýleki tarapdan, Yragyň awtonom Kürt regionynyň lideri Masud Barzani birnäçe aýyň içinde garaşsyzlyk barada referendumy geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Barzani “BBC” korporasiýasyna beren interwýusynda Yrakda güýçli bölünişik höküm sürýän wagtynda kürtleriň garaşsyzlygy boýunça ses berişlik geçirmegiň jaýdar pursatdygyny belledi.
Barzani: “Biz Kürdüstanda referendumy geçireris hem-de biz halkymyzyň kararyny berjaý edip, oňa hormat goýarys. Biz beýlekiler hem şeýle eder diýip umyt edýäris”.

Barzani referendumyň geçiriljek gününi henize çenli kesgitläp bilmändigini, “emma munuň şübhesiz birnäçe aýyň içinde çözüljekdigini” belledi. Ol soňky kararyň Kürt regional parlamentine galdyryljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

30-njy iýunda prezident Barak Obama Waşington Birleşen Ştatlaryň Bagdatdaky ilçihanasyny we amerikanlary goramak üçin Yraga ýene 300 çemesi goşun ugradýar diýdi. Bu goşun bilen birlikde soňky hepdeleriň dowamynda Birleşen Ştatlaryň Yraga ugradan goşunynyň we maslahatçylarynyň sany takmynan 800-e ýetdi.

Şol sana girýän amerikan esgerlerinden 470 töweregi Bagdadyň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň we aeroportuň howpsuzlygyny üpjün edýär. Galan 300 çemesi amerikan harbysy bolsa, Yragyň resmilerine “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topara garşy söweşlerde howpsuzlyk we harby meseleler boýunça zerur maslahatlary berip, harby ugurdan hyzmatdaşlyk edýärler.

XS
SM
MD
LG